Zehinli ýaşlaryň hasabat konsertleri

26 Aprel 2024
235

Çagalar sungat mekdebimizde okaýan zehinli ýaşlar şu günlerde hasabat konsertleri bilen çykyş edýärler.

Üflenilip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça halypalardan bilim alyp, bu ugurda zehinlerini taplaýan ýaşlaryň hasabat konsertleri olaryň saz äleminde öz ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrýandyklaryny görkezýär. Üflenilip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça ýaşlaryň öz halypalarynyň berýän sapaklaryny mäkäm özleşdirendikleri olaryň ýerine ýetiren saz eserlerinde aýdyň duýulýar. Saz gurallarynyň arasynda fleýtanyň owazy has-da ýakymly ýaňlandy. Zehinli ýaşlar milli kompozitorlarymyzyň meşhur saz eserleriniň birnäçesini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Saz äleminiň kämillik basgançaklaryny üstünlikli geçýän ýaşlar şirin owazlary bilen kalplara ýakymly täsirleri paýladylar. Hasabat konsertleri ýaşlaryň öz zehinlerini taplamak, şeýle hem halypalarynyň ynamyny ödemek üçin sungat äleminde döredijilik gözlegleriniň, yhlaslarynyň joşgunly beýany boldy.

Leýla BEŞIMOWA,
Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar