Milli gymmatlygymyz sungat eserlerinde

28 Aprel 2024
262

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gurbangül Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Abraý Annaýewe «Milli mirasymyz» atly şaý-sep toplumy eseri, şol okuw mekdebiň mugallymy Arslan Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaşlyk eseri we talyplary Kerim Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri, Nurmuhammet Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly fotoişleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Wepa Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.

Aýjahan KULYÝEWA.
«Arkadag».
Beýleki habarlar