Göwün at üstünde ganat baglady

28 Aprel 2024
179

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýetginjek, ussat we halypa çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu toý tutumy bedew janköýerleriniň milli guwanjymyz hasaplanýan ahalteke atlarymyza bolan buýsançlaryny has-da belende göterdi.

Baýramçylyk at çapyşyklaryna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, deputatlar, halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şeýle-de welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Welmuhammet GALANDAROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar