Toý toýlanýar bu gün şanyňa, bedew!

29 Aprel 2024
202

Daşoguz atçylyk sport toplumy ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli toý ruhuna beslendi. Halkymyzyň «At agynan ýerde toý bolar» diýen pähiminiň ýöne ýere döremändigini aýdyň görmek bolýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän milli baýram welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hem uly şatlyk-şowhuna beslendi.

Ir säherden badalga berlen baýramçylyk ýörişiniň täsiri oňa gatnaşan ildeşlerimiziň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň, şadyýan çagalaryň kalbyna baýramçylyk ruhubelentligi bolup ornady.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
Beýleki habarlar