Täzelik

26 Aprel 2024
209

Çärjew etrabyndaky «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda indi birnäçe ýyldan bäri gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen kuwwatly tehnologiýalara daýanýan bu hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri izogamyň 950 müň inedördül metri, suwuk bitum mastikasynyň 2 müň tonna golaýy, keramiki plita ýelmeýji gury ergininiň bolsa 200 tonnadan gowragy öndürildi. Taýýar önümler ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugradylýar. Hususyýetçi şu günler gurluşyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda degişli işleri alyp barýar.

Beýleki habarlar