"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Milli buýsanjymyz

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.  «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda gelip gowşan şatlykly habar, ýagny 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň geçiren «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşynda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanyp, ýeňiji diýlip yglan edilmegi türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alabaý itimize halkara derejesinde berlen ýokary bahadyr. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edildi. Bu Kanunyň ýurdumyzda tohum itleri, hususan-da, türkmen alabaý itlerini gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr.

Dünýäniň nazary Änewde

Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi esasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu taryhy ýadygärlikler toplumynyň gadymy şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Antýykan (Hekaýat)

Goç-teke döwri ýylaşa goç täzeleýän Ora çopan Antguýa «osmakçylyga» gidip gelensoň: «O goçlary ulanjak bolsaň, keýigotunyň bol ýeri gerek. Goçlar garrapdyr. Öň pent bolandyr, garry goç gerek däl» diýip, ýadaw halda çaý içmäge oturdy. Ýanow ikimiz garryny gepletjek bolup: «Ant diýdiň, pent diýdiň düşer ýaly etmediň. Aslynda Antguýy, Antýykan ady nireden çykdy?» diýdik. Aýtjagyny alaňlardan okaýan ýaly, ol depelere nazar dikip söze başlady: «Özüm-ä ant sözüni halamok. Ol wepa, wada, ygrar, lebiz bilen meňzeş bolsa-da, ýowuz ýaňlanýar. Öňler ýalany ýüze çykarmak üçin ant zäheri suwa «atyp», awyny ommuga «döküp», «Sözüň çyn bolsa, ant içip, awy ýala» diýer ekenler. Ölse-de dogruçyl boljaklar ikirjiňlenmändir. Ýalançylar bolsa ýaýdanypdyr. Ertirki işe öňünden ant içýänler halanmaz eken. Boljagy-geljegi halatly kişiler aýtsa-da, makullanman dymmak bilen diňlenipdir. Aslynda anthor kesirden gelen kejir, gopbamdan gelen gedem, göçmeden gelen gyzma bolýar-da...

Medeniýetleriň gözbaşyndaky şäher

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň genji-hazynasy bolsa, gadymy Änew şäheri türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýýan ak bugdaýynyň ilkinji mekanydyr. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde örän uly many bar. Çünki Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýetiniň Änew topragynda ýüze çykandygyny arheologlar subut etdiler. Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän gadymy depelerde gazuw işini geçirýär. Şonda ol birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Ýüze çykarylan maglumatlar ylmy taýdan derňelmedik hem bolsa, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere alymlaryň ünsüni çekdi. 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy belli nemes arheology H.Şmidtiň gatnaşmagynda Änew depelerinde gazuw-barlag işlerini geçirýär. Onuň netijesi boýunça Rafael Pampelli günorta Türkmenistanyň irki ekerançylary barada uly göwrümli ylmy işini neşir etdirýär. Ol bu işinde Änew ýadygärlikleriniň irki ekerançylaryň obasynyň galyndysydygyny tassyklaýar. Toplanan maglumatlaryň aýratynlyklaryna esaslany

Dünýä we Magtymguly

Katarda Ýakynda Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katara amala aşyran iş sapary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýörite guralan dabara gatnaşdy, Katar tarapynyň ugurdaş düzümleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Akyldar şahyryň ýubileýi mynasybetli geçirilen dabaraly çärede türkmen bagşylarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Onuň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan gymmatlyklaryň sergisi hem guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Katar Döwletiniň medeniýet ministri Abdulrahman bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Görogly» we Magtymguly: ruhy birligiň beýany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Ösüşlere beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasy ylmy esasda öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Bu işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde dürli ugurlar bilen bir hatarda, beýik Pyragynyň mirasyny halk paýhasynyň dürdäneleri bilen bilelikde öwrenmegiň wajypdygyny kesgitleýär.

Dürler hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge düýpli taýýarlyk görülýär. Onuň çäklerinde türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygyndan aýdyň mysaldyr.

Zenan zynaty

Zenan zynaty hakda söz açylanda, ilki bilen parasatly pederlerimiziň agraslygyny, päkizeligini göz öňünde tutup, olary mähek daşyna deňeýişleri dile getirilýär. Owadanlyk, näziklik babatda-da mähek daşyna çalymdaş zenanlar maşgalanyň, giden oba-kendiň, tutuş zeminiň hem zynaty hasaplanylýar. Edep-ekramy, arassaçyllygy, el işine ezberligi zenan maşgalany bezeýän esasy häsiýetler hasaplanylýar. Şuňa laýyklykda gadymy döwürlerden bäri zenan mertebesine sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha beripdirler. Häzirki günde hem zenan maşgalalar mukaddes ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hasaplanylýar. Maşgala binýadyny berkitmekde, ýaş nesilleriň Watana wepaly perzentler bolup kemala gelmeginde eneleriň, uýalaryň, mähriban käbeleriň gerdenine juda uly borç düşýär. Halal, ynsaba togap edýän, zähmetsöýer, göwnaçyk, myhmana sahawatly halkymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgeleri maşgala terbiýesinden, ata-ene göreldesinden rowaç alýar. Maşgalada halallygyň, adalatlylygyň, edep-terbiýäniň ileri tutulmagynda zenan maşgalalara uly orun degişli bolup durýar.

Sungatyň perwanasy

Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, arzyly käre söýgi ynsanyň ýüreginde müdimilik ornaşan duýgularyň ummanyndan syzylýar. Mähir-muhabbete eýlenen şol duýgulary oýaryp, näzik kalplara şatlyk eçilýän sungatyň syrly güýji oňa gulluk edip ýaşaýanlaryň baky hemrasy. erki etrabynyň medeniýet merkeziniň direktory Ogulkeýik Penjiýewa üçin sungat ykbalyň aýrylmaz bölegi. Onuň bu ugra bolan höwesi çagalyk ýyllarynda döreýär. Aýdym-saza höwesli gyzjagaz deň-duşlary bilen oýnaýan oýunlaryny hökman ene-mamasynyň gulagyna guýan halk döredijiligi bilen baglanyşdyrardy. Ol çagalyk ýyllarynda türkmen toýlarynda aýdylýan aýdymlary, tanslary höwes bilen ýerine ýetirip, hossarlarynyň göwnüni awlamakdan ruhy lezzet alýardy. Tebigy zehinini aňan daýysy Saparguly Akmyradow akkordeonda saz çalyp, ýegenine körpeliginden aýdym aýtmaklygyň inçe tärlerini öwredip başlaýar. Zehinli gyzjagaz radioýaýlymlarda Bibi Welmyradowanyň, Gurbansoltan Nurýagdyýewanyň ýerine ýetiren aýdymlaryny höwes bilen diňläp, gaýtalap-gaýtalap öwrenerdi.

Wepadarlygyň nusgasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. 20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda iki ugur boýunça çempion bolandygy baradaky hoş habary ýetirip, ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar milli mirasymyzyň, gymmatlyklarymyzyň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzda alabaýlara aýratyn uly üns berilýändiginiň alamatydyr.

«Bossany» nagşy

Türkmen zenanlarynyň döreden el hünärleriniň taryhy gözbaşlaryny yzlasaň, gadymyýetiň jümmüşine aralaşýarsyň. Haly-palaslaryň, nagyş-keşdeleriň döreýşi hakynda halkyň hakydasyna ornan rowaýatlar hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Palasyň gelip çykyşy barada şeýleräk rowaýat halk arasynda saklanyp galypdyr. Gadym zamanlarda bir obanyň üstüne ýagy dökülip, bir ýaş ýigidi ýesir edip äkidipdirler. Şonda ýigidiň juwan gelni kalbyndaky gaýgy-gamy egismek üçin dokma ýüwürdýär. Ol: Ak topragy kakaýyn,Syrym saňa dökeýin,Älem içre guwanjym,Goçak başy dik bolsun! —

«Atyma - nowa, özüme - hyrka»

Pygamber ýaşyny birwagt yzda goýan, kümüş saçly ene bazarda çäkmenlik mata satyp duran gelniň inli matalaryny hyrydarlyk bilen synlady. Soňam top matalaryň biriniň-ikisiniň gyrasyny süýem hem-de başam barmaklarynyň arasyna salyp, barlap gördi. Elde dokalan çäkmenlik matalaryň käbirinde goýberilen säwliklerem nazaryndan sypmady. Ýöne kelam agyz gürlemedi. Yzyna öwrülenem şoldy welin, pete-pet gelen gelinleriň biri: — Abadan gelneje, salamälik! Gowy sataşdyň. Obaňyza ýöriteläp gitmäge aýagym ýetmän ýördi. Kakamyň akgoýun toýunda çäkmen ýapaýyn diýýän. Maňa çäkmenlik matanyň gowusyndan birini saýlap beräýiň!

Ene kesbine eýeren

Sarygamyş kölüniň golaýyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna degişli Bötendag çarwa obasynda haly dokap, keşde çekýän, keçe basyp, çäkmen dokaýan eli çeper gelin-gyzlar barmak büküp sanardan köp. Çarwa gelin-gyzlary diňe bir düýe, goýun-geçi sagyp, gor tutmak, ýanlyk ýaýmak bilen çäklenmän, gadymdan gelýän milli senetlerimizi hem mynasyp dowam etdirýärler. Nesibesi çarwa obasyna çeken Täjigül Gurbanowa gelindir gyzlary bilen el işleriniň ähli görnüşlerinden baş çykarýar. Ylaýta-da, ol çarwa gelin-gyzlarynyň arasynda özüniň taýýarlaýan owadan keçeleri bilen tanalýar. Dogrusy, çarwa gelin-gyzlarynyň köpüsi keçe basmakda ony özleriniň halypasy hasaplaýarlar.

Milli gymmatlyklarymyza buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň täze taryhy döwrümiziň şöhratly ýyllarynyň birine öwrüljekdigine bolan ynam ýüregimizi heýjana getirip, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynyň buýsançly wakalaryna nazar aýlanymyzda buýsanjymyz has-da goşalanýar. Ýatda galyjy, şatlykly wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki täze athana toplumyna baryp, behişdi bedew bilen didarlaşyp gezelenç etmegidir, şeýle-de Akdost atly türkmen alabaýynyň Kazan şäherinde geçirilen ýaryşda «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesinde iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky buýsançly habary aýtmagydyr. Bu şatlykly habar ulus-ilimizi begendirdi, tolgundyrdy, her birimiz üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Munuň özi milli buýsanjymyza öwrülen alabaý itlerimiziň bu gün dünýä halklarynyň nazaryny özüne gönükdirýändiginiň güwäsidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynyň şol taryhy gününde Akdost atly türkmen alabaýynyň gazanan üstünliginiň şanyna, şatlykly wakanyň nyşany hökmünde türkmen itşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize Şatlyk atly alabaý güjüjegiň gowşurylmagy bolsa, kalbymyzy

Gymmatly hazyna

Berkarar Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýän döwründe döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze, ilkinji kitabyny sowgat etmegi her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterdi, täze-täze üstünliklere, döredijilikli zähmete hyjuw döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakdaky aladalary, olara bolan belent ynamy we söýgüsi täze kitabynda öz beýanyny tapýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen jümle bar. Bu çuňňur manyly jümlede ýaşlara bolan ynam, buýsanç äşgär duýulýar. Täze kitapda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Milli lybasym — çarşaw çargadym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatymyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň döwrüň talabyna laýyklykda gülläp ösmegi hem-de onuň milliliginiň has baý, täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin zerur bolan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny, ruhy we maddy gymmatlyklaryny ösdürmeklige, ony dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berilýär. Bu ugurlara degişli ylmy-barlag işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny içgin öwrenmäge uly ýardam edýär. Taryhymyzda we häzirki döwrümizde-de özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen özüne bendi edýän milli gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen milli lybaslarymyza aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň milli lybaslaryny öwrenmek bolsa halkyň gadymy geýinmek we bezenmek medeniýetini ylmy taýdan seljermäge mümkinçilik berýär. Gelin-gyzlarymyzyň zehininden döreýän ajaýyp milli lybaslarymyzyň gymmaty häzirki zaman durmuşymyzda barha ýokarlanyp, medeniýetimiziň kämilleşmegine belli bir derejede täsirini ýetirýär. Milli lybaslarymyz bilen aýratyn sazlaşygy bolan türkmen gelin-gyzlaryň başgaplary, başatgyçlary, ýaglyklary özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

On barmagyň hünäri (Mizemez miras)

Halkymyz milli hünärlerimiziň üsti bilen ýaş nesillerde zähmetsöýerligi, erjelligi we çydamlylygy terbiýeläpdirler. Ýaşlygyndan iş bilen bişişen perzentler kemally adamlar bolup ýetişipdirler. Gyz-gelinlerimiziň zehin goýup, ýerine ýetiren el işleri hem şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Her bir halkyň öz milli aýratynlygy bar. Milli egin-eşiklerimiz, ussatlyk bilen öýdelen ajaýyp nagyşlarymyz hiç bir halkyňka meňzemeýän owadan reňkleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz bize peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda halkymyzyň milli egin-eşiklerine we zenanlarymyzyň jadyly el sungatyna uly baha berip, şeýle belläp geçýär: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasaty siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar. Türkmenleriň egin-eşikleri özüniň biçüwiniň ýönekeýligi, görnüşiniň köstsüzligi we salykatly reňk öwüşgininiň aýratynlygy bilen tapawutlanýar».

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

Garadepe — Änew medeniýetiniň naýbaşy ýadygärligi

Türkmenistanyň çägi uzak geçmişiň dowamynda gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolmak bilen, dürli eýýamlaryň taryhy ýadygärliklerine-de baýdyr. Olaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň arheologik ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gymmatly taryhy ýadygärlikleri özünde jemlän medeniýetleriň biri hem Änew siwilizasiýasydyr. Gadymy türkmen şäheri Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu baradaky söhbetleriň giň gözýetimlerini açýar. Türkmen arheologlarynyň daşary ýurtly alymlar bilen hyzmatdaşlykda alyp baran barlaglary Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini arheologik taýdan öwrenmegiň täze sahypalaryny açdy we Änew siwilizasiýasynyň gadymy döwürde Merkezi Aziýada iň ösen medeniýetleriň biri bolandygyny subut etdi.

Magtymguly — köňülleriň täji

Toý-märekelerde, üýşmeleňlerde adamlaryň arasynda bir zat barada jedel gidende, ylymly-bilimli, hat-sowatly adamlar: «Magtymguluda şeýleräk», «Pyragy şeýle diýipdir» diýse, şol ýerde jedeller kesilýär. Sebäbi halkymyz Magtymguly Pyraga, onuň pelsepewi pikirlere baý bolan şygyrlaryna bütin kalby bilen ynanýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymgulynyň döredijiliginde halkymyzyň dünýä hakyndaky oýlanmalarynyň, pikir-düşünjeleriniň çuňlugy we özeni jemlenendir. Şahyr il-ulsuny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Halkyňa, ýurduňa bolan söýgi oňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydyr. Islendik meseläniň çözgüdi bolsa durmuş nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Il-günüň bähbidini öňe sürmek hakyky adamkärçiligiň beýik nusgasydyr. Bu bolsa oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydyr.