On barmagyň hünäri (Mizemez miras)

5 Fewral 2024
491

Halkymyz milli hünärlerimiziň üsti bilen ýaş nesillerde zähmetsöýerligi, erjelligi we çydamlylygy terbiýeläpdirler. Ýaşlygyndan iş bilen bişişen perzentler kemally adamlar bolup ýetişipdirler. Gyz-gelinlerimiziň zehin goýup, ýerine ýetiren el işleri hem şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biridir.

Her bir halkyň öz milli aýratynlygy bar. Milli egin-eşiklerimiz, ussatlyk bilen öýdelen ajaýyp nagyşlarymyz hiç bir halkyňka meňzemeýän owadan reňkleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz bize peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda halkymyzyň milli egin-eşiklerine we zenanlarymyzyň jadyly el sungatyna uly baha berip, şeýle belläp geçýär: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasaty siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar. Türkmenleriň egin-eşikleri özüniň biçüwiniň ýönekeýligi, görnüşiniň köstsüzligi we salykatly reňk öwüşgininiň aýratynlygy bilen tapawutlanýar».

Mähek DURDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar