Gymmatly hazyna

6 Fewral 2024
457

Berkarar Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýän döwründe döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze, ilkinji kitabyny sowgat etmegi her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterdi, täze-täze üstünliklere, döredijilikli zähmete hyjuw döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakdaky aladalary, olara bolan belent ynamy we söýgüsi täze kitabynda öz beýanyny tapýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen jümle bar. Bu çuňňur manyly jümlede ýaşlara bolan ynam, buýsanç äşgär duýulýar. Täze kitapda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Doýuşbibi EZIZOWA,
Gökdepe etrabyndaky 16-njy çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar