Milli gymmatlyklarymyza buýsanç

6 Fewral 2024
404

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň täze taryhy döwrümiziň şöhratly ýyllarynyň birine öwrüljekdigine bolan ynam ýüregimizi heýjana getirip, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynyň buýsançly wakalaryna nazar aýlanymyzda buýsanjymyz has-da goşalanýar. Ýatda galyjy, şatlykly wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki täze athana toplumyna baryp, behişdi bedew bilen didarlaşyp gezelenç etmegidir, şeýle-de Akdost atly türkmen alabaýynyň Kazan şäherinde geçirilen ýaryşda «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesinde iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky buýsançly habary aýtmagydyr. Bu şatlykly habar ulus-ilimizi begendirdi, tolgundyrdy, her birimiz üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Munuň özi milli buýsanjymyza öwrülen alabaý itlerimiziň bu gün dünýä halklarynyň nazaryny özüne gönükdirýändiginiň güwäsidir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynyň şol taryhy gününde Akdost atly türkmen alabaýynyň gazanan üstünliginiň şanyna, şatlykly wakanyň nyşany hökmünde türkmen itşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize Şatlyk atly alabaý güjüjegiň gowşurylmagy bolsa, kalbymyzy joşa getirdi.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar