Milli lybasym — çarşaw çargadym

6 Fewral 2024
462

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatymyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň döwrüň talabyna laýyklykda gülläp ösmegi hem-de onuň milliliginiň has baý, täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin zerur bolan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny, ruhy we maddy gymmatlyklaryny ösdürmeklige, ony dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berilýär. Bu ugurlara degişli ylmy-barlag işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny içgin öwrenmäge uly ýardam edýär.

Taryhymyzda we häzirki döwrümizde-de özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen özüne bendi edýän milli gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen milli lybaslarymyza aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň milli lybaslaryny öwrenmek bolsa halkyň gadymy geýinmek we bezenmek medeniýetini ylmy taýdan seljermäge mümkinçilik berýär. Gelin-gyzlarymyzyň zehininden döreýän ajaýyp milli lybaslarymyzyň gymmaty häzirki zaman durmuşymyzda barha ýokarlanyp, medeniýetimiziň kämilleşmegine belli bir derejede täsirini ýetirýär. Milli lybaslarymyz bilen aýratyn sazlaşygy bolan türkmen gelin-gyzlaryň başgaplary, başatgyçlary, ýaglyklary özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Annagül BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar