Wepadarlygyň nusgasy

7 Fewral 2024
400

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. 20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda iki ugur boýunça çempion bolandygy baradaky hoş habary ýetirip, ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar milli mirasymyzyň, gymmatlyklarymyzyň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzda alabaýlara aýratyn uly üns berilýändiginiň alamatydyr.

Jennet HALLYÝEWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar