Antýykan (Hekaýat)

8 Fewral 2024
578

Goç-teke döwri ýylaşa goç täzeleýän Ora çopan Antguýa «osmakçylyga» gidip gelensoň: «O goçlary ulanjak bolsaň, keýigotunyň bol ýeri gerek. Goçlar garrapdyr. Öň pent bolandyr, garry goç gerek däl» diýip, ýadaw halda çaý içmäge oturdy. Ýanow ikimiz garryny gepletjek bolup: «Ant diýdiň, pent diýdiň düşer ýaly etmediň. Aslynda Antguýy, Antýykan ady nireden çykdy?» diýdik.

Aýtjagyny alaňlardan okaýan ýaly, ol depelere nazar dikip söze başlady: «Özüm-ä ant sözüni halamok. Ol wepa, wada, ygrar, lebiz bilen meňzeş bolsa-da, ýowuz ýaňlanýar. Öňler ýalany ýüze çykarmak üçin ant zäheri suwa «atyp», awyny ommuga «döküp», «Sözüň çyn bolsa, ant içip, awy ýala» diýer ekenler. Ölse-de dogruçyl boljaklar ikirjiňlenmändir. Ýalançylar bolsa ýaýdanypdyr. Ertirki işe öňünden ant içýänler halanmaz eken. Boljagy-geljegi halatly kişiler aýtsa-da, makullanman dymmak bilen diňlenipdir. Aslynda anthor kesirden gelen kejir, gopbamdan gelen gedem, göçmeden gelen gyzma bolýar-da...

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar