Medeniýetleriň gözbaşyndaky şäher

8 Fewral 2024
399

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň genji-hazynasy bolsa, gadymy Änew şäheri türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýýan ak bugdaýynyň ilkinji mekanydyr. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde örän uly many bar. Çünki Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýetiniň Änew topragynda ýüze çykandygyny arheologlar subut etdiler.

Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän gadymy depelerde gazuw işini geçirýär. Şonda ol birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Ýüze çykarylan maglumatlar ylmy taýdan derňelmedik hem bolsa, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere alymlaryň ünsüni çekdi. 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy belli nemes arheology H.Şmidtiň gatnaşmagynda Änew depelerinde gazuw-barlag işlerini geçirýär. Onuň netijesi boýunça Rafael Pampelli günorta Türkmenistanyň irki ekerançylary barada uly göwrümli ylmy işini neşir etdirýär. Ol bu işinde Änew ýadygärlikleriniň irki ekerançylaryň obasynyň galyndysydygyny tassyklaýar. Toplanan maglumatlaryň aýratynlyklaryna esaslanyp, günorta Türkmenistanyň çäkleriniň ekerançylygyň ýüze çykan iň irki merkezleriniň biridigini subut edýär. Bu toprakda dörän ilkinji suwarymly ekerançylyk medeniýetini «Änew medeniýeti» diýip atlandyrýar. Soňraky ýyllarda alnyp barlan barlaglar Änew medeniýetini köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berdi. Onuň netijeleri türkmen halkynyň örän baý, gadymy medeni mirasa eýedigini subut etdi.

Beýleki habarlar