Dünýä we Magtymguly

8 Fewral 2024
367

Katarda

Ýakynda Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katara amala aşyran iş sapary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýörite guralan dabara gatnaşdy, Katar tarapynyň ugurdaş düzümleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Akyldar şahyryň ýubileýi mynasybetli geçirilen dabaraly çärede türkmen bagşylarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Onuň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan gymmatlyklaryň sergisi hem guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Katar Döwletiniň medeniýet ministri Abdulrahman bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar