Garadepe — Änew medeniýetiniň naýbaşy ýadygärligi

5 Fewral 2024
300

Türkmenistanyň çägi uzak geçmişiň dowamynda gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolmak bilen, dürli eýýamlaryň taryhy ýadygärliklerine-de baýdyr. Olaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň arheologik ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gymmatly taryhy ýadygärlikleri özünde jemlän medeniýetleriň biri hem Änew siwilizasiýasydyr. Gadymy türkmen şäheri Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu baradaky söhbetleriň giň gözýetimlerini açýar.

Türkmen arheologlarynyň daşary ýurtly alymlar bilen hyzmatdaşlykda alyp baran barlaglary Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini arheologik taýdan öwrenmegiň täze sahypalaryny açdy we Änew siwilizasiýasynyň gadymy döwürde Merkezi Aziýada iň ösen medeniýetleriň biri bolandygyny subut etdi.

Olga ADYKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar