Zenan zynaty

7 Fewral 2024
479

Zenan zynaty hakda söz açylanda, ilki bilen parasatly pederlerimiziň agraslygyny, päkizeligini göz öňünde tutup, olary mähek daşyna deňeýişleri dile getirilýär. Owadanlyk, näziklik babatda-da mähek daşyna çalymdaş zenanlar maşgalanyň, giden oba-kendiň, tutuş zeminiň hem zynaty hasaplanylýar. Edep-ekramy, arassaçyllygy, el işine ezberligi zenan maşgalany bezeýän esasy häsiýetler hasaplanylýar.

Şuňa laýyklykda gadymy döwürlerden bäri zenan mertebesine sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha beripdirler. Häzirki günde hem zenan maşgalalar mukaddes ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hasaplanylýar. Maşgala binýadyny berkitmekde, ýaş nesilleriň Watana wepaly perzentler bolup kemala gelmeginde eneleriň, uýalaryň, mähriban käbeleriň gerdenine juda uly borç düşýär. Halal, ynsaba togap edýän, zähmetsöýer, göwnaçyk, myhmana sahawatly halkymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgeleri maşgala terbiýesinden, ata-ene göreldesinden rowaç alýar. Maşgalada halallygyň, adalatlylygyň, edep-terbiýäniň ileri tutulmagynda zenan maşgalalara uly orun degişli bolup durýar.

Göwher ORAZKLYÇEWA,
Darganata etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar