Ene kesbine eýeren

6 Fewral 2024
424

Sarygamyş kölüniň golaýyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna degişli Bötendag çarwa obasynda haly dokap, keşde çekýän, keçe basyp, çäkmen dokaýan eli çeper gelin-gyzlar barmak büküp sanardan köp. Çarwa gelin-gyzlary diňe bir düýe, goýun-geçi sagyp, gor tutmak, ýanlyk ýaýmak bilen çäklenmän, gadymdan gelýän milli senetlerimizi hem mynasyp dowam etdirýärler.

Nesibesi çarwa obasyna çeken Täjigül Gurbanowa gelindir gyzlary bilen el işleriniň ähli görnüşlerinden baş çykarýar. Ylaýta-da, ol çarwa gelin-gyzlarynyň arasynda özüniň taýýarlaýan owadan keçeleri bilen tanalýar. Dogrusy, çarwa gelin-gyzlarynyň köpüsi keçe basmakda ony özleriniň halypasy hasaplaýarlar.

Şöhrat ABDYÝEW,
öz habarçymyz. Suratlarda: Täjigül Gurbanowanyň gyzy Gülşät Amanowa bilen basan täze keçesini synlaýan pursady.
Beýleki habarlar