"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Saglyk — baş baýlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Bu gün milli senenamamyzda dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça giň gerimli hem-de aýdyň maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş

Kaka etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda edilýän tagallalar barada gürrüň edildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän täze hassahanalarda, şypahanalarda, saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, lukmançylyk enjamlary näsaglara ýokary derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Bu zatlar ilatyň saglygyny goramak, berkitmek, keselleriň öňüni almak, bejermek babatdaky işleriň rowaçlanmagyna şert döredýär. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy dogrusynda aýdylanlar hem täsirli boldy.

Saglyk — baş baýlyk

Asuda we abadan durmuş ildeşlerimiziň her birinde kämil ýaşaýşa bolan düşünjäni berkidýär. Durmuşyň asudalygy hem-de abadanlygy ýaşaýşyň baş çeşmesidir. Durmuşyň asudalygyndan, rahatlygyndan şükürli halkymyz ýaşaýşyň esasy özenini bu gymmatlyklarda görýär. Saglyk bolsa bagtyýar ildeşlerimiziň durmuşy bilen baglydyr. Biziň saglyk diýlen düşünjäni bagtyýar durmuşymyz bilen baglamagymyz ýöne ýere däldir. Saglykly hem bagtly ýaşaýşymyzyň gözbaşynda halkyň abadanlygy, asudalygy bardyr. Bu bagtyýarlygy irden sag-aman ören raýatlarymyzyň işe, okuwa, mekdebe we çagalar bagyna batly we bagtly gadamlary bilen baryşlarynda görüp bilýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy hakyndaky başlangyçlary esasynda saglyk binalarynyň gurulmagy häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň saglygy we ýaşlaryň gujur-gaýratly bolmaklary üçin diýseň uly tagallalary edýär. Munuň şeýledigine saglyk we sport desgalarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýe­tin­de sag­dyn­lyk ýö­rel­ge­si

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gün­do­ga­ryň be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de, pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan dür­dä­ne goş­gu­la­ryn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk, mert­lik, ag­zy­bir­lik, gaý­duw­syz­lyk, päk söý­gi, ah­lak-ter­bi­ýe, öwüt-ün­dew, leb­zi­ha­lal­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly ide­ýa­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Onuň şa­hy­ra­na dün­ýä­si müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len türk­men pel­se­pe­si­ne, kal­by­nyň owa­zy­na öw­rül­di. Akyl­dar şa­hy­ryň paý­has­ly se­tir­le­ri ýaş nes­le eg­sil­mez ynam, ru­hy güýç-kuw­wat ber­ýär. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de hem döw­re­bap, joş­gun­ly, ruh­lan­dy­ry­jy bo­lup ýaň­lan­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň akyl-paý­has­yn­dan dö­rän dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­niň bol­sa bir bö­le­gi­ni sag­dyn­lyk, sa­gat­lyk, be­den tä­miz­li­gi ba­ra­da­ky şy­gyr­la­ry tut­ýar.

Sag­lyk hak­da söz aç­saň...

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Bir ada­myň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek bir maş­ga­la­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mekdir. Bir maş­ga­la­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek bir oba ýa şä­her ila­ty­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mekdir. Bir oba ýa şä­her ila­ty­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek bol­sa, tu­tuş hal­kyň, jem­gy­ýe­tiň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek­dir. Eger-de tu­tuş bir halk sag­dyn bol­sa, el­bet­de, mun­dan dün­ýä ýü­zü­niň gö­rel­de al­ja­gy ikuç­suz. Hä­zir­ki wagt­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýo­la goý­lan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan bir­kem­siz dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de hal­ky­my­zyň ara­syn­da ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem bu aý­dan­la­ry­my­za buý­sanç­ly my­sal­dyr.

Suwda ýüzmegiň ynsan saglygyna täsiri

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Suw­da ýüz­mek diý­len­de, sportuň görnüşi göz öňüne gelse-de, suw­da ýüz­mek — bu gö­wün aç­mak we güý­men­je ýaly dü­şün­jeleri-de öz içine alýar. Suw­da ýüz­mek, il­ki bi­len, he­re­ket­li oýun­dyr. Tür­gen özi bil­mez­den, ýüzüşiň do­wa­myn­da kän ener­gi­ýa­ sarp ed­ýär. Kim ag­ra­my­ny aý­ra­sy gel­se, myş­sa we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny kadalaşdyrmak is­le­se, şeýle ýagdaýlarda luk­man­lar suw­da ýüz­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, adam suw­da ýüz­mek ar­ka­ly sag­ly­gy bi­len bag­ly bir­to­par ýü­ze çyk­jak ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ýar.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk (Buýsançly köňülleriň kelamy)

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Sag başym — soltan başym

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, saglygyny dikeltmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, saglygymyzy berkitmek biziň özümize baglydyr. Ýöremek

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Sagdyn jemgyýeti sagdyn nesiller gurýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köp sanly döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda, şypahana-dynç alyş merkezlerinde raýatlaryň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Lukman Arkadagymyz sagdyn enelerden sagdyn perzentleriň dünýä inýändigini aýratyn nygtaýar. Şu babatda ýurdumyzda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hereket edýär. Oňa laýyklykda, Diýarymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelere beslenýär. Sagdyn nesiller kemala gelýär, maşgalalaryň abadançylygy has-da berkidilýär. Maşgala bolsa jemgyýetiň bir ülşüdir. Sagdyn maşgalalar bilelikde hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti düzýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, her

«Saglygyň gadryny bilgil...»

- Witamin С — askorbin turşusyna baý önümlerini kabul ediň! - Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň!

Saglygym — baş baýlygym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Ajaýyp zamanamyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanyldy.Bu ugurda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda keselleriň öňüni almakda, halkyň saglygyny goramakda, ynsan ömrüni uzaltmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýan ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge niýetlenen binalardyr desgalaryň üstüniň ýetirilip durulmagy halkymyzyň saglygyny berkitmekde zerur şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Saglygyň berk goraglylygyny üpjün etmek her bir ynsanyň saglygynyň we sagdynlygynyň girewidir. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, dynç almak bilen işi sazlaşykly utgaşdyrmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak kesellerden goranyp, saglygymyzy berkitmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Arassa howada gezim etmek, suwda ýüzmek, welosiped sürmek ýaly çäreler hem bedenimizi berkitmekde we saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir.

Sagdynlygyň mekany

Türkmenistanda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşiň täze belentlikleri Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ajaýyp miwesidir. Ata Watanymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek doly derejede amala aşyryldy. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar gurlup ulanylmaga berildi. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygy dikeltmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň ajaýyp serişdesidir. Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan

Saglygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer çözgütleri esasynda sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertini jemgyýete ornaşdyrmakda, türkmen halkynyň ruhy baýlygyny dünýä çykarmakda, dürli ýaşdaky raýatlaryň saglygyny berkitmekde ýurtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan Watanymyzda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalary, zamanabap sport we saglyk toplumlary ildeşlerimiziň yzygiderli türgenleşýän ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyzda «Olimpiýa» şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, bu owadan künjekde ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär. Futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary bilen ýaş nesillerimiz yzygiderli meşgullanýarlar, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde olar köpsanly baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetçilikde amala aşdy. Türkmen halky bu gün bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluny hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýetçil

Gujur-gaýratyň gözbaşy

Häzirki wagtda at-owazasy dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň berkarar eden eşretli Diýarymyzda agzybir halkymyzyň her bir güni bagtly pursatlara beslenýär.Ýurdumyzda amala aşyrylýan, bagtyýar geljegi nazarlaýan ägirt uly işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Aýratyn hem, bu günki günde ýaşlarymyz üçin alnyp barylýan işler gönüden-göni ösüp gelýän nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämilleşmegine uly ýardam edýär. Ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça, aýratyn hem, sportda uly ösüşleri gazanýarlar. Ruhy taýdan sagdyn, beden taýdan güýçli ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar. Ýakynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aşgabadyň birinjiligini almak ugrundaky çempionatyň açylyş dabarasyna badalga berildi. Çäräniň açylyş dabarasyndan soňra sportuň gylyçlaşmak, woleýbol, agyr

Berjaý edilmeli düzgünler

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Kömelegi peýdalanmagyň düzgünleri

Ýer ýüzündäki iň gadymy ösümlikleriň biri-de kömelekdir. Onuň düzümi 91 göterim suwdan, 3,2 göterim beloklardan, 0,5 göterim ýaglardan, 3,7 göterim uglewodlardan, 0,85 göterim mineral duzlardan durýar. Kömelegiň iýmitlenişdäki gymmaty beloklara we kaliý duzlaryna baýlygyndadyr. Kömelekler iýmitlenip bolýandygyna ýa-da bolmaýandygyna baglylykda 4 topara bölünýär:

Welosiped sürmegiň peýdasy

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bütindünýä saglyk güni dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerine utgaşdy. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek sagdynlygyň gözbaşydyr. Açyk howada welosipedli gezelençler etmek ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Welosiped sürmek bedeniňi gurplandyrýar, nerw ulgamynyň dartgynlylygyndan saplaýar. Artykmaç agramyny aýyrmak isleýänlere hem günüň dowamynda degişli wagt çägini welosiped sürmäge bagyş etmek maslahat berilýär.

Baş baýlygyň goragynda

Taryhyň çuň gatlaklarynda türkmen saçagynyň milli aýratynlygyna ser salanymyzda türkmen halkynyň naz-nygmatdan doly bereketli saçagynyň bolandygyna göz ýetirýäris. Türkmeniň milli tagamlarynyň keselleri bejermekde we öňüni almakda hem täsiri uludyr. Tagam iýlen halatynda olaryň özara sazlaşygyna hem uly üns bermek gerek. Sebäbi käbir iýmit önümleri öz arasynda sazlaşmaýar we bedende kynlyk bilen siňýär ýa-da bedende iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini döredip bilýär. Şonuň üçin hem iýmit önümleriniň özara sazlaşygyna üns berilýär. Biziň ene-mamalarymyz bu düzgünleri berk berjaý edipdirler. Türkmen tagamlarynyň taýýarlanyş tehnologiýasynyň çylşyrymlydygyna seretmezden datlylygy we ýeňil siňňitlidigi bilen tapawutlanýar. Şeýle tagamlaryň biri hem unaşdyr. Unaş türkmeniň datly tagamlarynyň biri bolup, bu tagamyň diňe bir keselleriň öňüni almakda däl, eýsem, keselleri bejermekde hem ähmiýeti uludyr. Biziň dürli welaýatlarymyzda, dürli maşgalalarda unaşy dürli görnüşde taýýarlaýarlar. Ýöne nähili taýýarlanýandygyna seretmezden, onuň esasy goşundysy elde kesilen unaşdyr. Bugdaý unundan taýýarlanan hamyrdan kesilen aş bedene gerek bolan uglewodyň we ösümlik belogynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hatda ýokanç keseller bilen kesellän adamlara, ylaýta-da

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramydyr. Milli senenamamyza girizilen bu sene jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň meýilnamasy boýunça Aşgabat şäheriniň hassahanalarynyň lukmanlarynyň we saglyk öýleriniň maşgala lukmanlarynyň, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen lukmanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlygynyň we kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň guramagynda «Lukmançylyk amalynda Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ulanylmagy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda iç keselleri ulgamynyň wajyp meselelerine degişli we olaryň bejergisinde ýurdumyzyň çäginde bitýän dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagyna gönükdirilen ugurlardan çykyşlar edildi. Çykyşlarda iç keselle