Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

10 Aprel 2024
257

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şeýle çäreleriň hatarynda welosipedli ýörişlere aýratyn ähmiýet berilýär Sebäbi welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Şonuň üçin-de hereket etmegiň, gezelençde bolmagyň, sport bilen meşgullanmagyň serişdesi hökmünde welosipedi saýlap almak bilen, adam diňe bir öz saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy aýawly saklamaga hem goşandyny goşýar.

Bilşimiz ýaly, welosiped sportunyň we welosipedli gezelenç etmegiň ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Welosport bilen meşgullanmak özüňi oňat duýmagyň kadaly derejesini üpjün edýär. Sebäbi welosiped ekologik bähbitler bilen bir hatarda, bedeni taplamagyň hem özboluşly türgenleşik serişdesi hasaplanýar. Onda gezelenç etmek immuniteti ýokarlandyrmagyň, dürli keselleri bejermegiň, şol bir wagtda beden myşsalaryny berkitmegiň netijeli şertidir. Ol bedeniň hereket ediş, dem alyş ulgamlary üçin ajaýyp türgenleşikdir. Onuň netijesinde bedeni kislorod bilen iýmitlendirmegiň derejesi ýokarlanýar. Mundan başga-da, welosiped sürülýärkä edilýän kadaly hereket we dem alyş fiziki dartgynlylygy aradan aýyrmagyň iň gowy usulydyr. Welosipedli gezelenç keýpiňi çaglaýar, özüňi duýşuňy gowulandyrýar, bedenimiziň kuwwatlylygyny artdyrýar.

Şanazar Gadamow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar