Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş

15 Aprel 2024
313

Kaka etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda edilýän tagallalar barada gürrüň edildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän täze hassahanalarda, şypahanalarda, saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, lukmançylyk enjamlary näsaglara ýokary derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Bu zatlar ilatyň saglygyny goramak, berkitmek, keselleriň öňüni almak, bejermek babatdaky işleriň rowaçlanmagyna şert döredýär. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy dogrusynda aýdylanlar hem täsirli boldy.

Aýlar ORAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar