Saglygym — baş baýlygym

10 Aprel 2024
316

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Ajaýyp zamanamyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanyldy.Bu ugurda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda keselleriň öňüni almakda, halkyň saglygyny goramakda, ynsan ömrüni uzaltmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýan ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge niýetlenen binalardyr desgalaryň üstüniň ýetirilip durulmagy halkymyzyň saglygyny berkitmekde zerur şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Saglygyň berk goraglylygyny üpjün etmek her bir ynsanyň saglygynyň we sagdynlygynyň girewidir. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, dynç almak bilen işi sazlaşykly utgaşdyrmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak kesellerden goranyp, saglygymyzy berkitmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Arassa howada gezim etmek, suwda ýüzmek, welosiped sürmek ýaly çäreler hem bedenimizi berkitmekde we saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir.

Aýgül Hajynazarowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň derňewçisi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň derňew toparynyň agzasy.
Beýleki habarlar