Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

11 Aprel 2024
293

Sagdyn jemgyýeti sagdyn nesiller gurýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köp sanly döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda, şypahana-dynç alyş merkezlerinde raýatlaryň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Lukman Arkadagymyz sagdyn enelerden sagdyn perzentleriň dünýä inýändigini aýratyn nygtaýar. Şu babatda ýurdumyzda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hereket edýär. Oňa laýyklykda, Diýarymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelere beslenýär. Sagdyn nesiller kemala gelýär, maşgalalaryň abadançylygy has-da berkidilýär. Maşgala bolsa jemgyýetiň bir ülşüdir. Sagdyn maşgalalar bilelikde hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti düzýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşy ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Köp çagaly maşgalalar, olaryň abadan we bagtyýar durmuşy barada aýratyn aladalar edilýär. Döwletimiz tarapyndan olara berilýän goldaw-hemaýatlar, döredilýän dürli ýeňillikler munuň aýdyň mysalydyr. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdirendigi üçin Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolýan eneleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy hem ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň ajaýyp miweleriniň biridir. Elbetde, munuň özi halkyň abadan ýaşaýşyny görkezmek bilen birlikde, jemgyýetiň demografik taýdan ösüşini-de alamatlandyrýar.

Humaý AMANGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar