Ylmy-amaly maslahat geçirildi

8 Aprel 2024
429

Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramydyr. Milli senenamamyza girizilen bu sene jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde bellenilýär.

Baýramçylyk mynasybetli Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň meýilnamasy boýunça Aşgabat şäheriniň hassahanalarynyň lukmanlarynyň we saglyk öýleriniň maşgala lukmanlarynyň, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen lukmanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlygynyň we kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň guramagynda «Lukmançylyk amalynda Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ulanylmagy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda iç keselleri ulgamynyň wajyp meselelerine degişli we olaryň bejergisinde ýurdumyzyň çäginde bitýän dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagyna gönükdirilen ugurlardan çykyşlar edildi. Çykyşlarda iç keselleriniň geçiş aýratynlyklary, sebäpleri, ýüze çykyşy, esasanda, dogry bejergi saýlap almak, bejergide ulanylýan täze dermanlar, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserlerinde beýan edilýän dermanlyk otlaryň iç keselleriniň bejergisindäki täsiri barada giňişleýin durlup geçildi. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlaryň dowamynda sowal-jogaplaryň alşylmagy onuň täsirliligini artdyrdy.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň müdiri, dosent.
Beýleki habarlar