Baş baýlygyň goragynda

9 Aprel 2024
235

Taryhyň çuň gatlaklarynda türkmen saçagynyň milli aýratynlygyna ser salanymyzda türkmen halkynyň naz-nygmatdan doly bereketli saçagynyň bolandygyna göz ýetirýäris. Türkmeniň milli tagamlarynyň keselleri bejermekde we öňüni almakda hem täsiri uludyr. Tagam iýlen halatynda olaryň özara sazlaşygyna hem uly üns bermek gerek. Sebäbi käbir iýmit önümleri öz arasynda sazlaşmaýar we bedende kynlyk bilen siňýär ýa-da bedende iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini döredip bilýär. Şonuň üçin hem iýmit önümleriniň özara sazlaşygyna üns berilýär. Biziň ene-mamalarymyz bu düzgünleri berk berjaý edipdirler. Türkmen tagamlarynyň taýýarlanyş tehnologiýasynyň çylşyrymlydygyna seretmezden datlylygy we ýeňil siňňitlidigi bilen tapawutlanýar. Şeýle tagamlaryň biri hem unaşdyr.

Unaş türkmeniň datly tagamlarynyň biri bolup, bu tagamyň diňe bir keselleriň öňüni almakda däl, eýsem, keselleri bejermekde hem ähmiýeti uludyr. Biziň dürli welaýatlarymyzda, dürli maşgalalarda unaşy dürli görnüşde taýýarlaýarlar. Ýöne nähili taýýarlanýandygyna seretmezden, onuň esasy goşundysy elde kesilen unaşdyr. Bugdaý unundan taýýarlanan hamyrdan kesilen aş bedene gerek bolan uglewodyň we ösümlik belogynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hatda ýokanç keseller bilen kesellän adamlara, ylaýta-da ýiti respirator keselleri bilen kesellän halatynda bedende immun ulgamyny işjeňleşdirmek üçin uglewodlar gerek bolýar. Aglaba maşgalalarda unaşa gowurdak hem goşýarlar. Ol öz düzüminde mal ýagyny we eti saklaýar. Mal ýagy az mukdarda hem bolsa bedene gerek. Sebäbi bedeniň öýjükleri günde täzelenýär, täze öýjükleriň kemala gelmegi üçin bedene mal ýaglarynyň düşmegi zerurdyr.

Şirin WELLANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar