Saglygyň sakasy

10 Aprel 2024
266

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer çözgütleri esasynda sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertini jemgyýete ornaşdyrmakda, türkmen halkynyň ruhy baýlygyny dünýä çykarmakda, dürli ýaşdaky raýatlaryň saglygyny berkitmekde ýurtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan Watanymyzda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalary, zamanabap sport we saglyk toplumlary ildeşlerimiziň yzygiderli türgenleşýän ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyzda «Olimpiýa» şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, bu owadan künjekde ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär. Futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary bilen ýaş nesillerimiz yzygiderli meşgullanýarlar, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde olar köpsanly baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetçilikde amala aşdy. Türkmen halky bu gün bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluny hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýetçilik ýörelgelerinde görýär we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň sagdyn taglymatyna baş egýär. Halkymyz adalatyň we parasatyň dabaralanýan ýurdunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, sagdyn jemgyýetçilik gurluşynyň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan atçylyk sportuny ösdürmekde-de tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muňa Türkmenistanda häzirki zaman talaplaryna, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň ençemesiniň gurulmagyny, ýylyň-ýylyna türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň, halkara sergi-ýarmarkalarynyň, halkara maslahatlarynyň geçirilmegini, Polatly, Ýanardag, Akhan ýaly meşhur türkmen atlarynyň heýkelleriniň dikeldilmegini mysal edip görkezmek bolar.

Mekan AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.
Beýleki habarlar