Gujur-gaýratyň gözbaşy

10 Aprel 2024
284

Häzirki wagtda at-owazasy dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň berkarar eden eşretli Diýarymyzda agzybir halkymyzyň her bir güni bagtly pursatlara beslenýär.Ýurdumyzda amala aşyrylýan, bagtyýar geljegi nazarlaýan ägirt uly işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Aýratyn hem, bu günki günde ýaşlarymyz üçin alnyp barylýan işler gönüden-göni ösüp gelýän nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämilleşmegine uly ýardam edýär. Ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça, aýratyn hem, sportda uly ösüşleri gazanýarlar. Ruhy taýdan sagdyn, beden taýdan güýçli ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar.

Ýakynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aşgabadyň birinjiligini almak ugrundaky çempionatyň açylyş dabarasyna badalga berildi. Çäräniň açylyş dabarasyndan soňra sportuň gylyçlaşmak, woleýbol, agyr atletika, düzzüm hem-de şaşka ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlaryň dowamynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar