"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Tälimçiniň ilkinji ýeňşi

«Barselona» toparynyň ozalky ýyldyz futbolçylaryndan Hawi Hernandesiň tälim berýän «Al-Sadd» topary Kataryň çempionaty Ýyldyzlar ligasynda çempion bolmagy başardy. Topar 18-nji tapgyrda «Umm Selal» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňişden soň, 2-nji ýerdäki «Al-Duhail» topary bilen ara tapawudy ep-esli açmagy başaran «Al-Sadd» Hawiniň tälimçiligindäki ilkinji, umumylykda-da 15-nji çempionlygyny gazandy. 41 ýaşyndaky Hawi Doha şäheriniň wekiline 2015-nji ýylda futbolçy hökmünde transfer bolupdy. 2019-njy ýylyň maýynda-da bu topara tälimçi bellenen Hawi şol döwürde ilkinji gezek çempionatda çempionlyk gazandy. Topar Hawiniň tälimçiliginde Kataryň Kubogyna 2, Kataryň Naýbaşy Kubogyna, Katar Emirliginiň Kubogyna, Kataryň Ýyldyzlar Kubogyna 1 gezek mynasyp boldy.

Türgeniň şowly çykyşy

Darts boýunça Angliýada geçirilen «Açyk» çempionatda ýerli türgen Jeýms Weýd ýeňiş gazandy. Ol çekeleşikli geçen birnäçe duşuşyklardan soň, finalda başga bir iňlis türgeni Lýuk Hamfris bilen duşuşdy. Duşuşykda Jeýms Weýd watandaşy Lýuk Hamfrisi 11:5 hasabynda ýeňip, çempion bolmagy başardy. 37 ýaşyndaky türgen bu ýaryşda 2008-nji we 2011-nji ýyllardan soň 3-nji gezek çempionlyk gazandy. Ol umumy baýrak gaznasy 450 müň funt sterlinge deň bolan ýaryşda 100 müň funt sterling möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy.

Sagdynlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwlet syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Jemgyýetiň ruhy we fiziki sagdynlygy döwrüň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Bagtyýar ýaşamaklygyň esasy şertiniň durmuş sazlaşygyndadygy hemmämize mälimdir. Mähriban halkymyz döwletliligi, agzybirligi, jebisligi halal zähmetde hem-de sagdynlykda görüpdirler. Pederlerimiz «Herekete — bereket» diýlen pähimi hem hut şu maksatlardan ugur alyp döredendir. Hereket sagdynlygyň, gözelligiň, zähmete höwesiň, bagtly ýaşamagyň gönezligidir. Hormatly Arkadagymyzyň: «Belent ruh we ynam sportuň hem-de sagdynlygyň esasy gözbaşydyr. Diňe sagdyn jemgyýetde medeniýet, bilim, ylym ýaly ulgamlar rowaçlyklara beslener» diýip bellemeginiň düýp özeninde bu ugurdaky belent maksatlar göz öňünde tutulýar. Jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň kämil düşünjeli, watansöýüji, halal zähmeti söýýän, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän bolmagy üçin hem sagdyn durmuşyň kemala getirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Ähli gowulyklaryň we rowaçlyklaryň sakasy saglykda hem-de sagdyn ýörelgelerde jemlenendir. Beden sagdynlygy, ruhy sazlaşyk, gujurly

Şulting hem-de Liu öňe saýlandy

Niderlandlaryň Dordreht şäherinde şort-trek boýunça Dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda gowşurylan 10 altyn medalyň 6-syny sportuň bu görnüşiniň öňdebaryjylary hasaplanýan niderlandly türgenler eýelemegi başardy. Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikleriň ählisinde altyn medala mynasyp bolan Suzanna Şultingiň ady bar, oňa 500, 1000, 1500 metr ýaryşlarynda taý tapylmady. Ol toparlaýyn 3000 metr bäsleşiginde-de ýygyndysynyň altyn medal gazanmagyna uly goşant goşdy. Şulting zenanlaryň arasynda umumylykda utuk toplamakda hem birinji ýeri eýeledi. 23 ýaşyndaky türgen jemi 5 altyn medaly gazanmagy başardy. Erkekleriň arasyndaky bäsleşiklerde asly Hytaýdan bolan wengriýaly Şaoang Liu 2 altyn medal gazandy. Ol 500 metr ýaryşynda hem-de utuk toplamakda münberiň birinji basgançagyna çykdy. 1000 metr bäsleşiginde Şaoang Liunyň agasy Şandor Şaolin Liu birinji orny eýeledi. 1500 metr bäsleşiginde bolsa Şarl Hamelin ýer eýelerinden Itzhak de Laatdan hem-de russiýaly Semion Ýelistratowdan öňe saýlandy. Toparlaýyn 5000 metr bäsleşikde ýeňiş ýer eýeleri niderlandlylaryň tarapynda boldy.

Tennisiň ussatlary

BAE-niň Dubaý şäherinde tennis boýunça zenanlaryň arasynda «Açyk» çempionat geçirildi. Bir hepdeläp dowam eden ýaryşlarda ispaniýaly Garbinýe Muguruza ýeňiji boldy. Ol finalda çehiýaly Barbora Kreýçikowany 7:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň sport ýolundaky 8-nji çempionlygydyr. Muguruza mundan bir hepde ozal Katarda geçirilen «Açyk» çempionatyň finalynda çehiýaly başga bir tennisçi Petra Kwitowadan asgyn gelipdi. Tennis boýunça erkekleriň arasynda Fransiýanyň Marsel şäherinde geçirilen «Açyk» çempionatda russiýaly Daniil Medwedew ýeňiji boldy. Ol finalda fransiýaly Pierr-Ýug Erberi 6:4, 6:7 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. 29-njy gezek geçirilen ýaryşda ilkinji gezek ýeňiş gazanan Medwedew sport ýolundaky 10-njy ATP kubogyny asmana göterdi.

«Laureus» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Golaýda sport äleminiň abraýly sylaglaryndan «Laureus 2020» bütindünýä sport baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. «Laureus» haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralýan bu baýraklar 2000-nji ýyldan bäri berlip gelinýär. 2020-nji ýylyň iň ökde erkek türgeni diýlen ugurda ýeňil atletikaçylar şwesiýaly Arman Duplantis bilen keniýaly Joşua Çeptegei, britaniýaly meşhur F1 sürüjisi Lýuwis Hamilton, amerikaly basketbolçy LeBron Jeýms, polşaly futbolçy Robert Lewandowski hem-de ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal dalaşgär görkezildi. Geçen ýylyň iň ökde zenan türgeni-de gollandiýaly welosipedçi Anna wan der Breggen, italiýaly lyžaçy Federika Brignone, keniýaly ýeňil atletikaçy Brigid Kosgei, ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka, fransiýaly futbolçy Wendi Renar hem-de amerikaly basketbolçy Breanna Stýuwart dagynyň arasyndan saýlanar. Ýylyň topary baýragyna-da Argentinanyň regbi milli ýygyndysy, Germaniýanyň «Bawariýa» futbol kluby, Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby, ABŞ-nyň «Kanzas Siti Çifs» amerikan futboly topary, ABŞ-nyň «Los Anjeles Leýkers» basketbol topary hem-de Germaniýanyň «Mercedes» Formula 1 topary dalaşgärlige hödürlendi. Bulardan başga-da, ýylyň ösüş görkezen türgeni, ýylyň gaýdyp gelşi ýaly baýraklar hem gowşurylar. «Laureus 2020» baýragynyň ýeňijiler

Şertnama uzaldyldy

Amerikan futbol ligasy NFL-iň çempiony «Tampa Beý Bukkaneers» toparynyň oýunçysy Tom Brediniň şertnamasyny uzaltdy. 43 ýaşyndaky ýyldyz futbolçy ýene-de bir ýyl, ýagny 2022-nji ýyl üçin möwsümiň ahyryna çenli «Tampa Beý Bukkaneers» toparynda oýnar. «Tampa Beý Bukkaneers» topary Bredini 2020-nji ýylda transfer edipdi. Topar onuň uly goşandy bilen şu möwsümde 18 ýyldan soň, taryhyndaky ikinji çempionlygyny gazandy. Bu Brediniň sport ýolundaky 7-nji çempionlygy boldy. Ol NFL-iň taryhynda iň köp çempionlyk gazanan oýunçy bolup, şol birwagtyň özünde-de 5 gezek «Super Bowl» final duşuşyklarynyň iň ökde oýunçysy diýip saýlanypdy. Bredi iki görkeziji boýunça-da rekordyň eýesidir.

Ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu ýyl Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýedir sport bilen düýpli meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň ýaşlara sargyt edişi ýaly, sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygyny, çydamlylygyny, mertligini hem-de durnuklylygyny terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr. Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, sport meýdançalary guruldy. Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bina edildi, döwrebap sport düzümleri döredildi.

Bäsleşikler jemlenildi

Lyžaly typmak boýunça (nordic sky) Germaniýanyň Oberstdorf şäherinde geçirilen 42-nji Dünýä çempionaty tamamlandy. Çempionatda norwegiýaly lyžaçylar ýokary netije görkezdiler. Olar 24 altyn medalyň 13-sini gazanmagy başardylar. Lyžaly ýaryşlaryň nusgawy sprint görnüşinde erkekleriň arasynda Ýohannes Hýosflot Klebo, toparlaýyn nusgawy sprintde ýene-de Ýohannes Hýosflot Klebo bilen Erik Walnes ýeňiş gazandy. 30 kilometr nusgawy skiatlon bäsleşiginde russiýaly Aleksandr Bolşunow, 15 kilometr ýekeleýin ýaryşynda-da Hans Krister Holunn çempion boldy. 50 kilometr nusgawy mass-start bäsleşiginde-de norwegiýaly Emil Iwersen hemmeden öňürti pellehana geldi. Zenanlaryň arasynda-da norwegiýalylar öňe saýlanyp, olar 6 sany altyn medalyň 4-sini gazandylar. Beýleki 2 altyn medaly bolsa olaryň goňşusy şwedler eýelemegi başardy. Tereza Ýohaug 15 kilometr nusgawy skiatlon, 10 kilometr ýekeleýin hem-de 30 kilometr nusgawy mass-start ýaryşlarynda münberiň çür depesine çykdy. Nusgawy sprint görnüşde şwesiýaly Ýonna Sundling öňe saýlandy. Ol toparlaýyn nusgawy sprint ýaryşynda Maýa Dalkwist bilen bilelikde çempion boldy. 4x5 kilometr nusgawy estafeta bäsleşiginde norwegiýaly lyžaçylar russiýaly hem-de finlýandiýaly lyžaçylardan tapawutlanmagy başardy.

Türkmen sportunyň parlak ýyldyzy

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sport döwleti diýlip ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda badalga beren başlangyçlarynyň, ägirt uly özgertmeleriniň aýdyň netijesi bolup dabaralanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň zamanasy hökmünde kalplarda egsilmez buýsanja beslenmeginiň gözbaşynda-da hut şol hakykat durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýylyň içinde Diýarymyzyň çar künjeginde iň döwrebap sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda türgenleriň öz höwes edýän sport görnüşleri bilen meşgullanmaklary, halkara derejesinde ýaryşlaryň geçirilmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi bolsa Arkadag Prezidentimiziň paýhasy bilen dörän şeýle sport desgalarynyň naýbaşysy bolup durýar. Şol wagt 2018-nji ýylyň noýabr aýydy. Dünýäniň ünsi türkmen paýtagtyna gönügip, iri sport ýaryşlaryny ýokary dereje

Dünýä rekordyny täzelän Ýulduz

Üstünliklere ýetmek, ýeňiş gazanmak her bir adamyň kämillik basgançagynda esasy orny eýeleýär. Başarjaňlyk, yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bilen gazanylýan uly ýeňişler, üstünlikler bolsa, ynsan ömürlerini nurlandyrýar. Ol nuruň ýalkymy ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyşlap, göwünleri ganatlandyrýar. Ýulduzyň mährem käbesi, kyblasy ene toprakdan bagtyny, rysgyny tapan kärendeçiler. Mele topraga bagry badaşan şeýle maşgaladan bolan sadaja oba gyzynyň megerem, geljekde dünýä çempiony bolar diýip, hiç kim güman hem eden däldir. Ýöne, Ýulduzyň dünýä rekordyny täzeläp, çempion bolmak arzuwy durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu başgaça bolup hem bilmezdi. Sebäbi, geçmişde Harmandäli ýaly pälwan gyzlary bolan bu topragyň suwundan ganyp, behişdi miwelerinden iýip, jana tenekar howasyndan dem alyp, ese-boýa galan perzentleri Watanyň adyny belende göteräýmeli hem.

Ýurdumyzyň halkara sport üstünligi

Hormatly Prezidentimiz dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy 10-njy martda döwlet Baştutanymyz, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Watanyň şany — dünýäniň çempiony!

Menzillere ulaşan ilkinji ädimler Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy baharynyň ilkinji aýynyň 10-njy güni türkmen sportunyň taryhynda aýratyn uly waka boldy. Ozal hem habar berlişi ýaly, şol gün milli Liderimiz 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň altyn medallarynyň eýesi Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan medallaryny, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyny we Şa serpaýyny ― ýeňil awtoulagy gowşurdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bu ýakymly wakanyň dowam edýän pursatlarynda dünýä çempionynyň ilkinji tälimçisi, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Zeripbaý Kerimbaýew bilen söhbetdeş bolduk.

Täze üstünliklere badalga

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy martda Olimpiýa şäherçesine gelip, dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewany gutlamagy başarjaň ýaşlarymyzy hemişe goldaýandygynyň ýene bir mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde-de bu waka Watanyň şanyna şan goşýan her bir ynsanyň sarpalanýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň gol çeken resminamalary bilen, dünýä çempionynyň tälimçisi hökmünde «Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym we üç otagly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň sowgat berilmegi depämi göge ýetirdi. Halkara ýaryşlarda mynasyp çykyş edip biljek türgenleri taýýarlamak tälimçi hökmünde biziň borjumyz. Hormatly Prezidentimiziň çekýän zähmetimize beren ýokary bahasy tutuş sport jemgyýetçiligini begendirdi. Maşgalamyzyň bolsa hormatly Prezidentimize alkyşy bimöçberdir.

Sporty ösdürmäge gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatynyň netijesi

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu wakanyň türkmen sporty üçin, bütin ýurdumyz üçin ähmiýetli bolandygyny belledi. Biz häzir Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak üçin ýygnandyk. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu türgeniň ýaryşda iki sany altyn medala mynasyp bolup, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygyny aýratyn belledi.

Ökdeler öňe saýlandy

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda welaýat kazyýetiniň guramagynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş welaýatyň kazyýet edaralarynyň sportuň bu görnüşine höwesek işgärleriniň barha kämilleşýändiklerini görkezdi. Ýiti göreşde, gyzykly geçen oýunlaryň netijesinde, Farhad Ýuldaşew birinji, Çary Ýazmuhammedow ikinji, Maksat Annagylyjow üçünji orunlary eýelediler.

Sport — pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi sport bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň sport bi­len bag­la­ny­şy­gy bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki asyr­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýar. Şol dö­wür­ler­de ga­dy­my Gre­si­ýa­da her dört ýyl­dan Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­lip­dir. Olim­pia­da­nyň geç­ýän gün­le­ri äh­li uruş­lar ýa­ty­ry­lyp­dyr. Olim­pia­da­la­ryň esa­sy mak­sa­dy bol­sa halk­la­ry bi­rek-bi­re­ge ýa­kyn­laş­dyr­mak­dan, ola­ry pa­ra­hat­çy­ly­ga, ag­zy­bir­li­ge ça­gyr­mak­dan, dost­laş­dyr­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr. Hä­zir­ki­za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny esas­lan­dy­ry­jy fran­suz, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri Pýer de Ku­ber­ten hem spor­tuň üs­ti bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gy ün­däp­dir. Sport pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si­dir, halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň göz­ba­şy­dyr. Di­ňe bir güýç sy­na­nyş­mak däl-de, eý­sem, bi­rek-bi­rek­den tej­ri­be alyş­mak üçin ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar tür­gen­le­ri dost­laş­dyr­ýar. 2017-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len V Azi­ý

Türkmen sportunyň parlak ýyldyzy

Ýulduz JUMABAÝEWA,agyr atletika boýunça dünýä çempiony: — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Sport, medeniýet, döredijilik, telekeçilik we beýleki islendik ugurlarda özüňi, öz ukyp-başarnygyňy görkezeýin diýseň, giň ýollar açyk.

Türkmen türgeniniň üstünligi

Belent tagallalaryň altyn şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan hoş habarlara beslenýär. Bu hoş habarlaryň arasynda 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agram derejesinde üstünlik gazanan Ýulduz Jumabaýewanyň ady uly buýsanç bilen tutulýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda altyn medallaryň eýesi bolup, ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Şol mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan altyn medallaryny gowşurdy.