Şulting hem-de Liu öňe saýlandy

17 Mart 2021
1059

Niderlandlaryň Dordreht şäherinde şort-trek boýunça Dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda gowşurylan 10 altyn medalyň 6-syny sportuň bu görnüşiniň öňdebaryjylary hasaplanýan niderlandly türgenler eýelemegi başardy. Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikleriň ählisinde altyn medala mynasyp bolan Suzanna Şultingiň ady bar, oňa 500, 1000, 1500 metr ýaryşlarynda taý tapylmady. Ol toparlaýyn 3000 metr bäsleşiginde-de ýygyndysynyň altyn medal gazanmagyna uly goşant goşdy. Şulting zenanlaryň arasynda umumylykda utuk toplamakda hem birinji ýeri eýeledi. 23 ýaşyndaky türgen jemi 5 altyn medaly gazanmagy başardy.

Erkekleriň arasyndaky bäsleşiklerde asly Hytaýdan bolan wengriýaly Şaoang Liu 2 altyn medal gazandy. Ol 500 metr ýaryşynda hem-de utuk toplamakda münberiň birinji basgançagyna çykdy. 1000 metr bäsleşiginde Şaoang Liunyň agasy Şandor Şaolin Liu birinji orny eýeledi. 1500 metr bäsleşiginde bolsa Şarl Hamelin ýer eýelerinden Itzhak de Laatdan hem-de russiýaly Semion Ýelistratowdan öňe saýlandy. Toparlaýyn 5000 metr bäsleşikde ýeňiş ýer eýeleri niderlandlylaryň tarapynda boldy.

Beýleki habarlar