Bäsleşikler jemlenildi

17 Mart 2021
993

Lyžaly typmak boýunça (nordic sky) Germaniýanyň Oberstdorf şäherinde geçirilen 42-nji Dünýä çempionaty tamamlandy. Çempionatda norwegiýaly lyžaçylar ýokary netije görkezdiler. Olar 24 altyn medalyň 13-sini gazanmagy başardylar. Lyžaly ýaryşlaryň nusgawy sprint görnüşinde erkekleriň arasynda Ýohannes Hýosflot Klebo, toparlaýyn nusgawy sprintde ýene-de Ýohannes Hýosflot Klebo bilen Erik Walnes ýeňiş gazandy. 30 kilometr nusgawy skiatlon bäsleşiginde russiýaly Aleksandr Bolşunow, 15 kilometr ýekeleýin ýaryşynda-da Hans Krister Holunn çempion boldy. 50 kilometr nusgawy mass-start bäsleşiginde-de norwegiýaly Emil Iwersen hemmeden öňürti pellehana geldi.

Zenanlaryň arasynda-da norwegiýalylar öňe saýlanyp, olar 6 sany altyn medalyň 4-sini gazandylar. Beýleki 2 altyn medaly bolsa olaryň goňşusy şwedler eýelemegi başardy. Tereza Ýohaug 15 kilometr nusgawy skiatlon, 10 kilometr ýekeleýin hem-de 30 kilometr nusgawy mass-start ýaryşlarynda münberiň çür depesine çykdy. Nusgawy sprint görnüşde şwesiýaly Ýonna Sundling öňe saýlandy. Ol toparlaýyn nusgawy sprint ýaryşynda Maýa Dalkwist bilen bilelikde çempion boldy. 4x5 kilometr nusgawy estafeta bäsleşiginde norwegiýaly lyžaçylar russiýaly hem-de finlýandiýaly lyžaçylardan tapawutlanmagy başardy.

Beýleki habarlar