Sagdynlygyň sakasy

17 Mart 2021
1033

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwlet syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Jemgyýetiň ruhy we fiziki sagdynlygy döwrüň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Bagtyýar ýaşamaklygyň esasy şertiniň durmuş sazlaşygyndadygy hemmämize mälimdir. Mähriban halkymyz döwletliligi, agzybirligi, jebisligi halal zähmetde hem-de sagdynlykda görüpdirler. Pederlerimiz «Herekete — bereket» diýlen pähimi hem hut şu maksatlardan ugur alyp döredendir. Hereket sagdynlygyň, gözelligiň, zähmete höwesiň, bagtly ýaşamagyň gönezligidir.

Hormatly Arkadagymyzyň: «Belent ruh we ynam sportuň hem-de sagdynlygyň esasy gözbaşydyr. Diňe sagdyn jemgyýetde medeniýet, bilim, ylym ýaly ulgamlar rowaçlyklara beslener» diýip bellemeginiň düýp özeninde bu ugurdaky belent maksatlar göz öňünde tutulýar. Jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň kämil düşünjeli, watansöýüji, halal zähmeti söýýän, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän bolmagy üçin hem sagdyn durmuşyň kemala getirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Ähli gowulyklaryň we rowaçlyklaryň sakasy saglykda hem-de sagdyn ýörelgelerde jemlenendir. Beden sagdynlygy, ruhy sazlaşyk, gujurlylyk, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşyň berk bitewüligi, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak her bir adamyň sagdynlygynyň we uzak ömür sürmeginiň esasy ölçegleridir.

Agajan ATADURDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar