«Laureus» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

17 Mart 2021
1179

Golaýda sport äleminiň abraýly sylaglaryndan «Laureus 2020» bütindünýä sport baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. «Laureus» haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralýan bu baýraklar 2000-nji ýyldan bäri berlip gelinýär. 2020-nji ýylyň iň ökde erkek türgeni diýlen ugurda ýeňil atletikaçylar şwesiýaly Arman Duplantis bilen keniýaly Joşua Çeptegei, britaniýaly meşhur F1 sürüjisi Lýuwis Hamilton, amerikaly basketbolçy LeBron Jeýms, polşaly futbolçy Robert Lewandowski hem-de ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal dalaşgär görkezildi. Geçen ýylyň iň ökde zenan türgeni-de gollandiýaly welosipedçi Anna wan der Breggen, italiýaly lyžaçy Federika Brignone, keniýaly ýeňil atletikaçy Brigid Kosgei, ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka, fransiýaly futbolçy Wendi Renar hem-de amerikaly basketbolçy Breanna Stýuwart dagynyň arasyndan saýlanar. Ýylyň topary baýragyna-da Argentinanyň regbi milli ýygyndysy, Germaniýanyň «Bawariýa» futbol kluby, Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby, ABŞ-nyň «Kanzas Siti Çifs» amerikan futboly topary, ABŞ-nyň «Los Anjeles Leýkers» basketbol topary hem-de Germaniýanyň «Mercedes» Formula 1 topary dalaşgärlige hödürlendi. Bulardan başga-da, ýylyň ösüş görkezen türgeni, ýylyň gaýdyp gelşi ýaly baýraklar hem gowşurylar. «Laureus 2020» baýragynyň ýeňijileri maý aýynda onlaýn ýagdaýda geçiriljek dabarada mälim ediler.

Beýleki habarlar