Belent tagallalaryň altyn şuglasy

12 Mart 2021
1146

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan hoş habarlara beslenýär. Bu hoş habarlaryň arasynda 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agram derejesinde üstünlik gazanan Ýulduz Jumabaýewanyň ady uly buýsanç bilen tutulýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda altyn medallaryň eýesi bolup, ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Şol mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan altyn medallaryny gowşurdy.

Şaperi OTUZOWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar