Täze üstünliklere badalga

12 Mart 2021
1180

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy martda Olimpiýa şäherçesine gelip, dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewany gutlamagy başarjaň ýaşlarymyzy hemişe goldaýandygynyň ýene bir mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde-de bu waka Watanyň şanyna şan goşýan her bir ynsanyň sarpalanýandygyny görkezýär.

Milli Liderimiziň gol çeken resminamalary bilen, dünýä çempionynyň tälimçisi hökmünde «Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym we üç otagly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň sowgat berilmegi depämi göge ýetirdi. Halkara ýaryşlarda mynasyp çykyş edip biljek türgenleri taýýarlamak tälimçi hökmünde biziň borjumyz. Hormatly Prezidentimiziň çekýän zähmetimize beren ýokary bahasy tutuş sport jemgyýetçiligini begendirdi. Maşgalamyzyň bolsa hormatly Prezidentimize alkyşy bimöçberdir.

Meretguly SÄHETMYRADOW,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy.
Beýleki habarlar