Sporty ösdürmäge gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatynyň netijesi

12 Mart 2021
884

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu wakanyň türkmen sporty üçin, bütin ýurdumyz üçin ähmiýetli bolandygyny belledi. Biz häzir Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak üçin ýygnandyk. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu türgeniň ýaryşda iki sany altyn medala mynasyp bolup, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygyny aýratyn belledi.

«Balkan».
Beýleki habarlar