Tälimçiniň ilkinji ýeňşi

17 Mart 2021
1108

«Barselona» toparynyň ozalky ýyldyz futbolçylaryndan Hawi Hernandesiň tälim berýän «Al-Sadd» topary Kataryň çempionaty Ýyldyzlar ligasynda çempion bolmagy başardy. Topar 18-nji tapgyrda «Umm Selal» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňişden soň, 2-nji ýerdäki «Al-Duhail» topary bilen ara tapawudy ep-esli açmagy başaran «Al-Sadd» Hawiniň tälimçiligindäki ilkinji, umumylykda-da 15-nji çempionlygyny gazandy. 41 ýaşyndaky Hawi Doha şäheriniň wekiline 2015-nji ýylda futbolçy hökmünde transfer bolupdy. 2019-njy ýylyň maýynda-da bu topara tälimçi bellenen Hawi şol döwürde ilkinji gezek çempionatda çempionlyk gazandy. Topar Hawiniň tälimçiliginde Kataryň Kubogyna 2, Kataryň Naýbaşy Kubogyna, Katar Emirliginiň Kubogyna, Kataryň Ýyldyzlar Kubogyna 1 gezek mynasyp boldy.

Beýleki habarlar