Türkmen sportunyň parlak ýyldyzy

15 Mart 2021
1061

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sport döwleti diýlip ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda badalga beren başlangyçlarynyň, ägirt uly özgertmeleriniň aýdyň netijesi bolup dabaralanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň zamanasy hökmünde kalplarda egsilmez buýsanja beslenmeginiň gözbaşynda-da hut şol hakykat durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýylyň içinde Diýarymyzyň çar künjeginde iň döwrebap sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda türgenleriň öz höwes edýän sport görnüşleri bilen meşgullanmaklary, halkara derejesinde ýaryşlaryň geçirilmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi bolsa Arkadag Prezidentimiziň paýhasy bilen dörän şeýle sport desgalarynyň naýbaşysy bolup durýar.

Şol wagt 2018-nji ýylyň noýabr aýydy. Dünýäniň ünsi türkmen paýtagtyna gönügip, iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmekde nusgalyk şähere öwrülen Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dowam edýärdi. Merkezi gazetleriň birinde fotožurnalist tanşymyň dünýä birinjiliginden dürli pursatlary beýan edýän suratlaryny synlap, olardan kalbymda buýsanç döredýän özboluşly lezzet aldym we oňa jaň etdim. Şekile geçiren pursatlarynyň şowly bolandygyny aýdanymda, ol tüýs ýüreginden çykýan şu sözleri dile getirdi:

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar