Türkmen türgeniniň üstünligi

12 Mart 2021
1213

Ýurdumyzda sporty ösdürmäge, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Ak mermerli Aşgabatda, Diýarymyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde we welaýatlarynda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän dürli sport desgalarynyň ýüzlerçesi hereket edýär. Ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça sport mekdepleri netijeli işleýär. Paýtagtymyzda Gyşky oýunlar sport toplumy, Olimpiýa suw toplumy, stadionlar, bedenterbiýe-sport toplumlary we beýleki häzirki zaman sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde gurlan Olimpiýa şäherçesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda bu ýerde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Şol ýaryşlarda türkmen türgenleri hem üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň gazanan üstünligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şu hepdäniň çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesinde ildeşimiziň şu çempionatda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu abraýly ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar