Ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi

17 Mart 2021
981

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu ýyl Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýedir sport bilen düýpli meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň ýaşlara sargyt edişi ýaly, sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygyny, çydamlylygyny, mertligini hem-de durnuklylygyny terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr.

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, sport meýdançalary guruldy. Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bina edildi, döwrebap sport düzümleri döredildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar