"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Harby talyplaryň täze üstünlikleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Şanly ýylda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly sportuň fijital-karatedo görnüşi boýunça bäsleşik guraldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem dürli agramlarda çykyş edip, olardan Abdylla Nurgylyjow, Arslan Babanazarow, Myrat Saryýew, Annanur Tagansähedow, Eziz Ýaýlymow dagy baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi we Karatedo federasiýasy tarapyndan Hormat hatlary, medallar we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ykbalyny sporta baglan

Dürli pudaklarda ak ýürekden, yhlasly hem-de netijeli zähmet çekýän adamlar hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Il içinde arzylanylýan şeýle ynsanlaryň biri-de Saýat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Eset Annakylyçowdyr. Oňa kärdeşleri uly hormat bilen «halypa» diýip ýüzlenýärler. Munuň özi ýöne ýerden däl. Eset mugallym manyly ömrüni ýaş nesle bilim, terbiýe bermäge we olary berk bedenli, sporty söýýän, bäsleşiklerde şowly çykyş etmegi başarýan türgenleri ýetişdirmäge bagyşlaýar.

Sagdyn jemgyýet — berkararlygyň berk binýady

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, sporty ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Döwletimizde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler milletiň saglygynyň berkidilmegine, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sportuň mekany bolan Diýarymyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän häzirki zaman sport desgalarynda sport bilen meşgullanmaga, netijeli türgenleşikleri, ýaryşlary geçirmäge döwrebap şertlerdir mümkinçilikleriň bolmagy guwandyryjydyr. Munuň özi türgenlerimize sportda barha taplanmaga we ussatlyklaryny artdyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

«Nebitçiniň» myhmançylykdaky ýeňşi

Futbol Balkanabadyň «Nebitçisi» milli futbol çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynda paýtagtymyzda «Aşgabat» topary bilen duşuyp, möwsümdäki ikinji ýeňşini gazanmagy başardy. Bu oýunda hasaby 25-nji minutda balkanabatly Arslangylyç Nazgylyjow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmek bilen açdy. Hojanazar Gurbanowyň 60-njy minutdaky netijeli urgusyndan soň hasap deňleşdi. «Nebitçä» ýeňiş getiren pökgini hem duşuşykda hasaby açan futbolçy 80-nji minutda öz adyna ýazdyrmagyň hötdesinden geldi.

Okuwçy ýaşlarymyz şowly çykyş edýärler

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edýärler. Merjen paýtagtymyzda kiçi futbol görnüşi boýunça geçirilen jemleýji ýaryşda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ýaş futbolçylar bilen duşuşyklaryň birnäçesini geçiren welaýatymyzyň topary şowly çykyş etdi. Welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen futbol topary duşuşyklaryň netijesinde baýrakly üçünji orny eýeledi. Welaýatymyzyň ýaş küştçüleri hem netijeli oýun görkezdiler. Akyl-paýhas oýnunyň netijesinde welaýatymyzyň mekdep okuwçylary toparlaýyn ikinji orna mynasyp boldular. Ýaş türgenlerimizi ýaryşa taýýarlamakda “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň uly tagalla edendigini bellemelidiris.

Ýaş küştçüler ussatlygyny görkezdi

Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdepde etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň aprel aýynyň dowamyndaky iş meýilnamalary esasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa etrapdaky mekdeplerden okuwçy ýaşlar gatnaşyp, ussatlygyny görkezdiler. Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek, ýaş nesliň sporta höwesini we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýaş küştçüleri höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşyň netijesinde ökdeler öňe saýlandy. Şeýlelikde, birinji orna 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Dawut Annaýew, ikinji orna 16-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söýenç Ýazlakow, üçünji orna 21-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Guwanç Myradow mynasyp boldy. Ýeňijilere ýörite baýraklar gowşuryldy.

Woleýbolçy zenanlar ýaryşdy

Bäherden etrabynyň Akdepe obasyndaky 31-nji orta mekdepde woleýbol ýaryşy geçirildi. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden gelin-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Woleýbol ýaryşynyň netijesinde etrapdaky 30-njy orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 8-nji orta mekdebiň topary üçinji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Pälwanlarymyzyň üstünligi

Ýakynda türkmen milli göreşi we alyş göreşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu çempionatda pälwanlarymyzdan Ylýas Rahmanow 62 kilogram agram derejesinde, Selim Nurberdiýew 68 kilogram agram derejesinde, Mekan Nurberdiýew 70 kilogram agram derejesinde, Sylapberdi Nuryýew 80 kilogram agram derejesinde, Gurbangeldi Gurbangeldiýew 82 kilogram agram derejesinde, Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agram derejesinde, Nurmuhammet Baýdogdyýew we Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agram derejesinde çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Pälwanlaryň bu üstünligi ýurdumyzda sporta berilýän üns-aladalaryň, türgenler üçin döredilýän giň şertleriň aýdyň netijesidir. Türkmen sportunyň ösmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Küşt ýaryşynyň ýeňijileri

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky sportuň görnüşleri boýunça “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlary dowam edýär. Bu sport ýaryşlarynyň maksady welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekden we giňden ornaşdyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Gürrüňi edilýän sport ýaryşlarynyň çägindäki küşt boýunça geçirilen jemleýji duşuşyklaryň netijesinde welaýatymyzyň topary ikinji orny eýeledi. Birinji orna Aşgabat şäheriniň, üçünji orna bolsa Lebap welaýatynyň toparlary mynasyp boldy.

Andreý MAKAROW: — «Galkan» bilen çempion bolmak isleýärin

Andreý Sergeýewiç Makarow Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde doglan 60 ýaşly hokkeý hünärmeni, ozalky hokkeýçi, häzirki tälimçi. Onuň sport ýoly Kazanyň dünýä meşhur «Ak Bars», Sankt-Peterburgyň «SKA», «Zwezda», «Tan», Nižnekamsk şäheriniň «Neftehimik», Şwesiýanyň «Troýa-Ýungbo» we «Antýarn» toparlary bilen bagly. 2000-nji ýylda tälimçilige başlan Andreý Sergeýewiç 16 ýyllap «Ak Bars» toparynyň hokkeý mekdebinde işledi. Şondan soň Kazanyň «Bars» we «Irbis» toparlaryna tälim berdi.

Aşgabat hokkeý muşdaklaryny garşylady

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösen sport ýurdy hökmünde tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek meselesine uly üns berilýär. 15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş hem diňe bir iri sport çäresi bolman, eýsem hokkeý muşdaklary üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Bu ýaryş üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan 200 meýletinçiniň taýýarlanylmagy ýaşlaryň halkara çärlerine işjeň, höwesjeň gatnaşýandyklarynyň görkezijisidir. Ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşyp, ähli duşuşyklar Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Halkara ýaryşa ýurdumyzdan «Galkan» hokkeý topary wekilçilik edýär. Bu topar Türkmenistanyň sekiz gezek çempionydyr. «Galkan» hokkeý topary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredilip, ilkinji üstünliklerini eýýäm

Sport — sagdynlygyň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurt we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi has-da guwandyrýar. Bu ugurdaky tagallalar türgenlerimizi beýik üstünliklere ruhlandyryp, olara halkara derejelerdäki ýaryşlarda şowly çykyş etmäge we ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrmaga hyjuw berýär. Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp sylaglanmagy buýsançly wakalaryň biri bolup, ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu mynasybetli ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşlary geçirmäge-de mümkinçiligi bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde köp sanly iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde dürli desgalaryň 40-dan gowragy gurlup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri

Aşgabatda sport baýramçylygy

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bina edilen 10 müň tomaşaçy orunlyk Gyşky oýunlar sport toplumynda 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýiti bäsdeşlik bilen, ýokary ruhubelentlige beslenmegi Watanymyzyň halkara sport abraýyny artdyrýar. Myhmanlaryň garşy alnyşy we ýokary derejede geçirilen açylyş dabarasy Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlary guramakda toplan baý tejribesini görkezýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Yzygiderli guralýan halkara ýaryşlar, sebitara sport-media forumlary, maslahatlar we sergiler ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini hem-de mümkinçiliklerini şöhlelendirýär. Şeýle hem dünýä döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça döwletimizde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 15-nji aprelde badalga alan şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Bu halkara ýaryşyň ýurdumyzda geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga ýakyndan ýardam berer.

Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

Mary welaýatynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilen bu ýaryşa biziň sport mekdebimiziň türgenleri hem gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Sultan Rejepow 200, Rozgeldi Awlýakulyýew 100 metre brass görnüşinde ýüzmek boýunça birinjiligi gazandylar. Mekan Baýramow 100 metre brass görnüşinde ýüzmekde ikinji we 200 metre brass görnüşinde ýüzmekde bolsa üçünji orunlary eýeledi. Mergen Hezretkulyýew 50 metre brass görnüşinde ýüzmekde ikinji, 100 metre batterflýaý görnüşinde ýüzmekde bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. 100 metre brass görnüşinde ýüzmekde üçünji orny Yslam Hudaýberdiýew gazandy. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Aýlara Akyýewa 200 metre toplumlaýyn ýüzmek boýunça üçünji orny eýeledi. Anastasiýa Miheýewa, Diana Aýdogdyýewa, Aýlara Akyýewa, Gülüstan Rejepowa bilelikde 4/100 metre erkin görnüşinde ýüzmekde üçünji orna mynasyp boldular.

Sport ýaryşy geçirildi

Sport mekdebimizde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli el pökgüsi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Köýtendag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň oglanlary iň ýokary netijeleri görkezip, birinji orna mynasyp boldular. 29-njy we 3-nji orta mekdepleriň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Küşt boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa welaýat merkeziniň we Çärjew, Dänew etraplarynyň baýry küştçüleri bilen birlikde dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, tälimçilerdir türgenleriň 70-e golaýy gatnaşdy. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça Gulmira Seýilhanowa, Mähri Agamyradowa, Jahan Rejepowa öňdäki orunlaryň eýeleri boldular. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda Ulugbek Matnazarow, Alihan Hakberdiýew, Maksat Myradow ýeňijiler diýlip yglan edildiler.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.