Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş dowam edýär

16 Aprel 2024
357

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Yzygiderli guralýan halkara ýaryşlar, sebitara sport-media forumlary, maslahatlar we sergiler ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini hem-de mümkinçiliklerini şöhlelendirýär. Şeýle hem dünýä döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça döwletimizde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 15-nji aprelde badalga alan şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Bu halkara ýaryşyň ýurdumyzda geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga ýakyndan ýardam berer.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar