Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

16 Aprel 2024
206

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar