Pälwanlarymyzyň üstünligi

17 Aprel 2024
224

Ýakynda türkmen milli göreşi we alyş göreşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu çempionatda pälwanlarymyzdan Ylýas Rahmanow 62 kilogram agram derejesinde, Selim Nurberdiýew 68 kilogram agram derejesinde, Mekan Nurberdiýew 70 kilogram agram derejesinde, Sylapberdi Nuryýew 80 kilogram agram derejesinde, Gurbangeldi Gurbangeldiýew 82 kilogram agram derejesinde, Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agram derejesinde, Nurmuhammet Baýdogdyýew we Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agram derejesinde çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular.

Pälwanlaryň bu üstünligi ýurdumyzda sporta berilýän üns-aladalaryň, türgenler üçin döredilýän giň şertleriň aýdyň netijesidir. Türkmen sportunyň ösmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Mekan HALYKBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň maglumat tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar