Küşt ýaryşynyň ýeňijileri

17 Aprel 2024
230

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky sportuň görnüşleri boýunça “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlary dowam edýär. Bu sport ýaryşlarynyň maksady welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekden we giňden ornaşdyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Gürrüňi edilýän sport ýaryşlarynyň çägindäki küşt boýunça geçirilen jemleýji duşuşyklaryň netijesinde welaýatymyzyň topary ikinji orny eýeledi. Birinji orna Aşgabat şäheriniň, üçünji orna bolsa Lebap welaýatynyň toparlary mynasyp boldy.

Annageldi SEÝISOW,
Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport işleri boýunça baş hünärmeni.
Beýleki habarlar