Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

16 Aprel 2024
177

Mary welaýatynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilen bu ýaryşa biziň sport mekdebimiziň türgenleri hem gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler.

Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Sultan Rejepow 200, Rozgeldi Awlýakulyýew 100 metre brass görnüşinde ýüzmek boýunça birinjiligi gazandylar. Mekan Baýramow 100 metre brass görnüşinde ýüzmekde ikinji we 200 metre brass görnüşinde ýüzmekde bolsa üçünji orunlary eýeledi. Mergen Hezretkulyýew 50 metre brass görnüşinde ýüzmekde ikinji, 100 metre batterflýaý görnüşinde ýüzmekde bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. 100 metre brass görnüşinde ýüzmekde üçünji orny Yslam Hudaýberdiýew gazandy. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Aýlara Akyýewa 200 metre toplumlaýyn ýüzmek boýunça üçünji orny eýeledi. Anastasiýa Miheýewa, Diana Aýdogdyýewa, Aýlara Akyýewa, Gülüstan Rejepowa bilelikde 4/100 metre erkin görnüşinde ýüzmekde üçünji orna mynasyp boldular.

Muhamednazar KLYÇEW,
Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiň usulyýetçisi.
Beýleki habarlar