Harby talyplaryň täze üstünlikleri

17 Aprel 2024
174

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Şanly ýylda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly sportuň fijital-karatedo görnüşi boýunça bäsleşik guraldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem dürli agramlarda çykyş edip, olardan Abdylla Nurgylyjow, Arslan Babanazarow, Myrat Saryýew, Annanur Tagansähedow, Eziz Ýaýlymow dagy baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi we Karatedo federasiýasy tarapyndan Hormat hatlary, medallar we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Güýç GÖKOW,
uly leýtenant.
Beýleki habarlar