Aşgabat hokkeý muşdaklaryny garşylady

16 Aprel 2024
235

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösen sport ýurdy hökmünde tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek meselesine uly üns berilýär. 15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş hem diňe bir iri sport çäresi bolman, eýsem hokkeý muşdaklary üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Bu ýaryş üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan 200 meýletinçiniň taýýarlanylmagy ýaşlaryň halkara çärlerine işjeň, höwesjeň gatnaşýandyklarynyň görkezijisidir.

Ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşyp, ähli duşuşyklar Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Halkara ýaryşa ýurdumyzdan «Galkan» hokkeý topary wekilçilik edýär. Bu topar Türkmenistanyň sekiz gezek çempionydyr. «Galkan» hokkeý topary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredilip, ilkinji üstünliklerini eýýäm şol ýyl gazanyp başlady. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminiň agramly bölegini «Galkan» hokkeý toparynyň wekilleri emele getirýär. Ýaryşa gatnaşyjy beýleki toparlar hem öz ýurtlarynda we halkara giňişlikde meşhur toparlardyr. Olar Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Türkiye», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr. Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly buz meýdançasynda «A», kiçi buz meýdançasynda bolsa «B» toparçanyň duşuşyklary geçiriler.

Hanaly GARLYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar