Okuwçy ýaşlarymyz şowly çykyş edýärler

17 Aprel 2024
327

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edýärler. Merjen paýtagtymyzda kiçi futbol görnüşi boýunça geçirilen jemleýji ýaryşda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ýaş futbolçylar bilen duşuşyklaryň birnäçesini geçiren welaýatymyzyň topary şowly çykyş etdi.

Welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen futbol topary duşuşyklaryň netijesinde baýrakly üçünji orny eýeledi. Welaýatymyzyň ýaş küştçüleri hem netijeli oýun görkezdiler. Akyl-paýhas oýnunyň netijesinde welaýatymyzyň mekdep okuwçylary toparlaýyn ikinji orna mynasyp boldular. Ýaş türgenlerimizi ýaryşa taýýarlamakda “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň uly tagalla edendigini bellemelidiris.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar