Sport — sagdynlygyň girewi

16 Aprel 2024
193

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurt we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi has-da guwandyrýar. Bu ugurdaky tagallalar türgenlerimizi beýik üstünliklere ruhlandyryp, olara halkara derejelerdäki ýaryşlarda şowly çykyş etmäge we ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrmaga hyjuw berýär.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp sylaglanmagy buýsançly wakalaryň biri bolup, ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu mynasybetli ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşlary geçirmäge-de mümkinçiligi bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde köp sanly iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde dürli desgalaryň 40-dan gowragy gurlup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin hemme zerur şertler döredildi.

Jahan GULLYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar