«Nebitçiniň» myhmançylykdaky ýeňşi

17 Aprel 2024
239

Futbol

Balkanabadyň «Nebitçisi» milli futbol çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynda paýtagtymyzda «Aşgabat» topary bilen duşuyp, möwsümdäki ikinji ýeňşini gazanmagy başardy. Bu oýunda hasaby 25-nji minutda balkanabatly Arslangylyç Nazgylyjow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmek bilen açdy. Hojanazar Gurbanowyň 60-njy minutdaky netijeli urgusyndan soň hasap deňleşdi. «Nebitçä» ýeňiş getiren pökgini hem duşuşykda hasaby açan futbolçy 80-nji minutda öz adyna ýazdyrmagyň hötdesinden geldi.

Aşyr Berdiýew.
Beýleki habarlar