"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Bilşimiz ýaly, 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem türkmen sportunyň dünýä derejesine çykarylmagy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde ykrar edilmegi üçin yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilen bu ýaryş halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde möhüm itergi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça üstünlik gazanan “Galkan” toparynyň şu gezekki ýeňşi bolsa, Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesini görkezdi.

Serhetçi türgeniň ýeňşi

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň ýokary ligasynda erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Oňa küşt sungatyna ykbalyny baglan ezber küştçüler işjeň gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger Allaýar Şirliýew 1-nji orna mynasyp bolup, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, ýaş türgen sportuň küşt görnüşi bilen çagalykdan bäri meşgullanyp, ilkinji gezek 2015-nji ýylda 12 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolýar. Ýaş zehin 2016-njy ýylda Hindistanda, 2017-nji ýylda Çehiýada geçirilen çempionatlarda hem birinjiligi elden bermeýär. Ol 2018-nji ýylda hem ýene-de Hindistanda we Hazarýaka döwletleriniň ýaş küştçüleriniň arasynda geçirilen çempionatlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Geljekde hem ýeňişleri bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy begendirmegi maksat edinýän türgenimize biz hem myratlarynyň hasyl bolup, Watanymyzyň şanyna şan goşmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Sport — zamanamyzyň zynaty

Sport halklaryň arasynda dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sporty ösdürmekde we köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmegi we 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birinji aýlaw tamamlandy

Futbol Milli çempionatymyzyň 8-nji tapgyrynda «Nebitçi» Balkanabatda Aşgabadyň «Köpetdag» topary bilen duşuşdy. Bu oýnuň 22-nji minutynda Myratdurdy Baýramowyň geçiren goly balkanabatlylaryň çempionatda üçünji ýeňişlerini gazanmaklary üçin ýeterlik boldy.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ruhubelentligiň gözbaşy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň gadamlary batlanýar. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri soňky ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň täze belentliklerine çykmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Ýaş pälwanlarymyzyň üstünligi

Paýtagtymyzda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda milli göreş boýunça ýaryşyň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirilip, onda welaýatymyzyň ýaş pälwanlary toparlaýyn birinji orny eýelediler. Bu ýaryşda aýry-aýry türgenlerimiz has ýokary netije görkezdiler. Ýaryşda Babadaýhan etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Pena Gidimow 40 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Bäşimmuhammet Hydyrmuhammedow 45 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Orazmämmet Mammowow 48 kilogram agramda, Babadaýhan etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Baýmyradow 62 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Selim Sähedow 74 kilogram agram derejesinde birinji orna mynasyp boldular. Ýaş pälwanlarymyzy bu ýaryşa tälimçi mugallym Nurmuhammet Orazmuhammedow taýýarlady. Ýeri gelende, ýaş türgenlerimizi ýaryşa taýýarlamakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan hem uly tagallalaryň edilendigini bellemelidiris.

Hokkeý kalplary joşdurdy

Aprel. Aşgabat. Buzly meýdança. Paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda güýç synanyşmak üçin yklymyň çar ýanyndan gelen gyşky oýnuň ussatlary diňe güneşli ülkämiziň ýaz paslynyň ajaýyplygyny däl, eýsem, türkmen kalbynyň ýylysyny hem ýakyndan duýdular. Munuň şeýledigine türgenlerdir tälimçiler bilen eden söhbetlerimizde-de, sportuň we dost-doganlygyň baýramçylygynyň ýapylyş dabarasynda edilen çykyşlarda-da göz ýetirdik. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň ýeňiş gazanmagy bolsa şatlygymyzy goşalandyrdy. 15 — 20-nji aprel aralygynda dowam eden halkara ýaryş diňe bir hokkeý janköýerlerinde däl, eýsem, sport bilen gyzyklanýan ildeşlerimiziň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary yzygiderli geçirmek, milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň dünýäniň dürli ýurtlarynda gazanýan üstünliklerine guwanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly däbine öwrüldi.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, şol toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orunlary eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler. Ilki buzly meýdançada üçünji orun ugrunda Özbegistanyň «Feniks» we Belarusuň «Wolat» toparlary güýç synanyşdylar. Duşuşyk belarusly hokkeýçileriň artykmaçlygynda geçdi. Olar 12:4 (3:1, 6:1, 3:2) hasaby bilen ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp boldular.

Atly ýöriş bäsleşigi

Düýn Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Ony «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de Ahal welaýat häkimligi bilelikde gurady. Iki tapgyrdan ybarat bolan atly ýöriş bäsleşigi toý ruhuna eýe boldy. Oňa saýlama bedewleriň 20-si goşulyp, 60 kilometrlik menzili geçdiler. Bu bäsleşik ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, ýyndamlygyny kesgitlemekde örän ähmiýetli boldy.

Şaşka ýaryşy

Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdepde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Ony Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, şaşka boýunça ussatlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş gyzykly duşuşyklara baý boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça etrapdaky 21-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy H.Orazowa birinji, 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy O.Rahadowa ikinji, 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Y.Öwezow üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmen sportunyň «Galkany»

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 15 — 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Onda Türkmenistanyň «Galkan» topary birinji orna mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ajaýyp miwesidir. Galyberse-de, bu ýeňiş döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Harby we hukuk goraýjy edaralaryň futbol, hokkeý toparlarynyň gazanýan ýeňişleri olary täze üstünliklere ruhlandyrýar» diýen sözleriniň galkyndyryjy güýjüni görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň biri bolan hokkeýe hem uly üns berilýär. Hokkeý boýunça dürli ýaryşlar, şol sanda milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy hereket edýär.

Sport

Gyzykly geçen ýaryş Türkmenistanyň Kerler we körler jemgyýetiniň Daşoguz şäherindäki okuw-önümçilik kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň guramagynda, düzzüm, şaşka we küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa okuw-önümçilik kärhanasynyň işgärleri we agzalary işjeň gatnaşdylar. Ýaryşyň netijesine görä, düzzüm boýunça zenanlaryň arasynda Gültäç Bäşimowa birinji, Rahataý Hojanowa ikinji, Kümüş Täçmyradowa üçünji, erkekleriň arasynda Muhammet Sapargeldiýew birinji, Meretdurdy Nazjanow ikinji, Allanazar Şiriýew üçünji orunlary eýelediler.

Türkmenistan sport döwleti hökmünde dünýäde ykrar edilýär

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşy türkmen türgenleriniň peýdasyna üstünlikli tamamlandy. Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sportunyň hil taýdan täze derejelere çykarylýandygy nygtalýar. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Aşgabat. Hokkeý. Baýramçylyk

Aprel aýynyň 14 — 20-si aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy sportuň we dost-doganlygyň ajaýyp baýramçylygy boldy. Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen duşuşyklarda müňlerçe tomaşaçylar Ýewraziýanyň 10 ýurdunyň hokkeý toparlarynyň gyzykly oýnuna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözellikleri bilen tanyşdyrmak üçin guralan gezelençler myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýurdumyza wekilçilik eden «Galkan» toparynyň gazanan üstünligi bolsa türkmen hokkeýiniň täze belentliklere uzaýan ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Ýokary derejedäki guramaçylyk

Küştçülere üstünlik arzuw edýäris

Küşt oýny akyl üçin iň gowy türgenleşik bolup, ünsüňi jemlemegi, çuňňur we köptaraplaýyn pikirlenmegi, çylşyrymly ýagdaýlara dogry baha berip, olardan baş alyp çykmagy, işleriňi meýilleşdirmegi, döredijiligi we durmuşyň tutuş dowamynda ynsana peýda getirýän başga-da ençeme başarnyklary ösdürýär. Ýurdumyzda halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan aň-paýhas oýny boýunça halkara derejede üstünlikler gazanylýar. Bizem Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň küşt boýunça tälimçi-mugallymy Güljahan Öwlýäkulyýewa bilen bu oýnuň ähmiýeti hem-de halypanyň şägirtleriniň Albaniýada ýakynda geçiriljek halkara ýaryşa taýýarlygy barada söhbet etdik. — Güljahan mugallym, ilki bilen, küşt oýnunyň çagalaryň zehininiň açylmagyna ýetirýän täsiri barada gürrüň beräýseňiz!

Hokkeý sportunda täze sahypa

Paýtagtymyzda ajaýyp sport baýramçylygy — hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15 — 20-nji aprelinde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. Biziň hokkeýçilerimiz bu halkara ýaryşda örän ynamly çykyş etdiler. Ýaryşyň ilkinji gününden Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Galkan» topary uly ýeňişler bilen tapawutlanmagy başardy. Final duşuşykda «Galkan» RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» topary bilen duşuşyp, oýny 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. 21-nji aprelde bolsa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda çempion toparyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy.

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

“Altyn top” ýaryşy

Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Altyn top” ady bilen okuwçy ýaşlaryň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Gyzykly geçen ýaryşda ökde toparlar öňe saýlandylar. Netijede, etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 21-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Hokkeýçilerimiziň üstünligi buýsandyrýar

Ak mermerli paýtagtymyzda tamamlanan hokkeý boýunça halkara ýaryşy eziz Diýarymyzyň dost-doganlyk mekanyna, sport merkezine öwrülendigi hakdaky hakykaty aýdyňlygy bilen bütin dünýä äşgär etdi. Dünýäniň on ýurdundan güýçli hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçen abraýly ýaryşda berkarar Watanymyzyň “Galkan” toparynyň ýeňiji bolmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy. Bu üstünlik ýurdumyzda sporta berilýän üns-aladanyň, türgenlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň netijesidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň döwrebap derejede ösmegi ugrunda uly aladalar edilýär, iri halkara sport çärelerini geçirmek üçin giň mümkinçiliklerdir amatly şertler döredilýär. Dünýä ölçeglerine laýyklykda bina edilip, ulanylmaga berilýän döwrebap derejedäki sport desgalary bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Bu zatlar türgenlerimizi halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmaga we üstünlik gazanmaga ruhlandyrýar.

«Galkan» — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.